BEDENTERBIÝE WE SPORT — SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Bütindünýä saglyk güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, dünýä halklaryny agzybirlige alyp barýan, milletleriň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini aňladýan baýramçylykdyr. Sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolmak bilen, adamzadyň gönümel ýaşaýyş durmuş şertlerine täsir edýän işjeňligi aňladýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmakda, özüňe ynam döretmekde bedenterbiýe we sportuň ynsan üçin aýratyn uly orny bardyr. Yzygiderli sport bilen meşgullanýan adam elmydama ruhubelent we sagdyn bolýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, sporty ösdürmek, ruhy we beden taýdan kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikler döredilen. Mälim bolşy ýaly döwletimizde her ýylyň aprel aýy «Sport aýlygy» hökmünde yglan edildi. Üstümizdäki şanly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda hem ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport we ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, sport bilen meşgullanmaga höwesli bolan ýaşlaryň sanyny has-da artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralarynda degişli işler alnyp barylýar.

Bize şeýle sagdyn jemgyýetde ýaşamaga, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun,bütindünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Serdar JUMAMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.

 

Meňzeş habarlar