Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygyň we dostlugyň, sportuň hem-de adamzadyň sagdyn ýaşaýşynyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýär. Ynsanperwerligiň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp däplerini özüne siňdiren bu halkara baýramynyň şanyna ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” köňüllere joşgun paýlaýan nowjuwan bahar pasly bilen sazlaşyp, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda berkarar döwletimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly üstünliklere bolan guwanjymyzy we buýsanjymyzy arşa galdyrýar.
Berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň medeni-ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek saglyk syýasatynyň esasy özenini düzýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň many-mazmunyny tutuş dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan bimöçber ynsanperwer işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Uzak möhlete niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalara, giň gerimli özgertmelere laýyklykda ýurdumyzda döwrebap hassahanalar, saglygy anyklaýyş we bejeriş merkezleri, sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň üçin bagtyýar halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza özleriniň çyn ýüreklerinden çykýan sagbolsunlaryny we alkyşlaryny aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan tutumly işleri paýhasly ata-babalarymyzyň döreden sagdyn durmuş ýörelgesine belent sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy şol asylly däpleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda, şeýle hem, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” hakynda Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy uly buýsanja besledi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz sportuň wagyz edilýän, dürli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Arkadag” futbol toparynyň gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Eşretli geljegimizi nazarlaýan beýik maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatyna laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Beýik işler, belent maksatlar bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun, eziz Watanymyzda we tutuş dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilen ynsanperwer tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny we sporty dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dowamat dowam bolsun!
Manzura BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygynyň kätibi.