Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmakda görkezijilik usuly uly rol oýnaýar. Okatmakda görkezme esbap ulanmak ylmy talaplaryň biridir. Görkezijilik usuly çagalara täze bilim, düşünje bermekde ulanylýar. Bu usula öwredilýän, okadylýan zadyň hökman özüni görkezmek, dürli görkezme esbaplary (nusgasy, dürli çyzgylar, tehniki serişdeler, telegepleşikler, wideoýazgylar, magnitafon ýazgylary) degişlidir. Okatmakda mümkin bolan zatlary sapak geçirilýän otaga getirip görkezmelidir. Çagalaryň şol görkezilýän zady hemmetaraplaýyn synlap, kabul etmekleri üçin şert döretmeli (gök önümleri, gülleri, geýimleri we ş.m.). Käbir zatlary, predmetleri gezelenç wagtynda baryp görmeli (baga, baýyrlara, ekin meýdanlaryna, gurluşyklara, ussahanalara we ş.m.). Durmuşda käbir ýagdaýlarda şol predmeti, zady topara getirip bolmaýar, baryp görmeklige hem mümkinçilik bolmaýar. Şeýle ýagdaýlarda çekilen dürli suratlardan peýdalanmaly. Meselem, ýabany haýwanlar, tokaýlar, deňiz, derýa we ş.m. Şeýle bolanda görkezilýän suratlar uly görnüşde, hemme çagalara görner ýaly bolmalydyr. Terbiýeçi sapak wagtynda käbir zatlaryň nusgalaryny görkezýär. Meselem, plastilinden, toýundan şekil ýasalanda, ýelimlemek işlerinde, gurnamak işlerinde we ş. m. terbiýeçiniň şeýle etmegi hem görkezijilige girýär.
Çagalarda gözelligi kabul edişiniň we göz öňüne getirişiniň ösüşi babatda hem tebigat we daş töwerek bilen bagly suratlary synlamak örän ähmiýetlidir. Çünki bu usuly çagalarda ilkinji duýgularynyň ösüşinde hem tebigat bilen ýakynlygy emele getirmäge ýardam edýär.
Çaga irki ýaşlardan ýaldyrawuk, açyk reňkli predmetlere, güllere, oýnawaçlara ünsüni gönükdirýär. Olary elläp görmegi, oýnamagy gowy görýär. Çaga ýaşlykdan aýdym-saza düşünýär, erteki diňleýär, suratly kitaplary synlaýar. Çaga predmetiň reňki, görnüşi we çykarýan sesi bilen gyzyklanyp başlaýar.
Çaga owadan, özüne täsir ediji zatlary görse şatlanýar. Bu bolsa çaganyň içki duýgusyna täsir edýändigini subut edýär.
Mekdebe çenli çagalara öwredilýän bilim görkezijilik häsiýetde bolmalydyr, sebäbi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň pikirlenmesi görüş häsiýetdedir.
Dünýä belli pedagoglaryň hem aýdyşy ýaly suratlardan peýdalanmak daş töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak sapaklarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä ýerlikli peýdalanylsa netijelidir we maksadalaýykdyr.
Maýagözel REJEBOWA,
Mary etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.