“EDEBI PENJIRE” ATLY GEPLEŞIGIŇ NOBATDAKY SANY ÝAZGY EDILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň “Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnaly bilen bilelikde guramagynda taýýarlanyp ýaýlyma berilýän “Edebi penjire” atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Türkmenistanyň halk artisti, halypa bagşy Suwhan Orazberdiýew gepleşigiň arzyly myhmany boldy.

Gepleşigiň barşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat, Gahryman Arkadagymyzyň adyny hormat bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Mundan başga-da, halypa bagşy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatyny, amala aşyrylýan nusgalyk işleri aýdym-sazlaryň üsti bilen dünýä ýaýmakda sungat işgärleriniň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynsanperwer syýasaty dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Gurban MYRADOW,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron

žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar