Häzirkizaman dünýäsi sanlylaşma döwrüni başdan geçirýär. Tehnologiýanyň örän çalt depginde ösmegi bilen sanly ulgam durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Ol diňe bir iş ýerlerinde ýa-da edara-kärhanalarda däl, eýsem, gündelik ýaşaýşymyzda hem giňden ornaşýar. Sanly ulgamyň durmuşa getiren mümkinçilikleri, ýeňillikleri we onuň jemgyýetiň ösüşindäki orny barada gürrüň etmek örän wajypdyr.
Ilki bilen, sanly ulgam maglumat alyş-çalşygynda täze mümkinçilikleri döretdi. Internetiň giňden ýaýramagy bilen dünýäniň islendik ýerindäki maglumatlara gysga wagtyň içinde elýeterli bolmak mümkinçiligi döredi. Bilim ulgamynda onlaýn sapaklaryň, elektron kitaplaryň we sanly okuw serişdeleriniň peýda bolmagy, okyjylara täzeçil öwrenmek mümkinçiliklerini döretdi. Mundan başga-da, sanly ulgam dolandyryş ulgamyny hem kämilleşdirdi. Döwlet hyzmatlarynyň sanly görnüşe geçirilmegi bilen raýatlara edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandy, wagty tygşytlamaga mümkinçilik döredi.
Sanly ykdysadyýet hem ýurdumyzyň ösüşine uly itergi berýär. Internet söwdasy, elektron tölegler, onlaýn bank hyzmatlary ýaly mümkinçilikler diňe bir telekeçilik üçin däl, eýsem, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin hem örän peýdalydyr. Sanly marketing we maglumat analitikasy ýaly ugurlar bolsa, täze hünärleriň we iş ýerleriniň döremegine şert döredýär.
Sanly ulgam diňe bir amatlylyk döretmän, eýsem, jemgyýetiň aragatnaşyk mümkinçiliklerini hem artdyrdy. Jemgyýetçilik torlarynyň üsti bilen adamlar biri-biri bilen habarlaşyp bilýär, pikir alyşýarlar, dostluk gatnaşyklaryny saklaýarlar. Bu bolsa, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hem täze görnüşlerini kemala getirdi.
Ýöne sanly ulgamy ulanmagyň jogapkärçiligi hem bar. Munda maglumat howpsuzlygy, sanly medeniýet, internet ahlagy ýaly meseleler hem öňe çykýar. Şonuň üçin hem ýaş nesle sanly dünýädäki mümkinçiliklerden dogry peýdalanmagy öwretmek, olaryň bu ulgamda özlerini howpsuz duýmagy üçin çäreler görmek zerurdyr.
Sanly ulgam häzirkizaman jemgyýetiniň ösüşinde örän möhüm orun eýeleýär. Ol bilimden başlap ykdysadyýete, dolandyryşdan başlap gündelik ýaşaýşa çenli ähli ugurlara öz täsirini ýetirýär. Sanlylaşma bilen bilelikde, döredijilik, innowasiýa we täze pikirler üçin giň mümkinçilikler döreýär. Şonuň üçin hem, sanly ulgamy dogry we maksadalaýyk ulanmak biziň geljegimiziň esasyny düzýär.
Jeýhun GALPAKOW,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.