Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkara guramalar bilen işleşmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde we bilim ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn orunda durýar. Türkmenistanyň Halkara energetika agentligi, Halkara energetika Hartiýasy, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Atom energetikasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) we beýleki halkara guramalary bilen “ýaşyl energetika” çygryndaky halkara hyzmatdaşlygy ählumumy energetika howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny gazanmak babatynda durmuşa geçirilýän wezipeleriň özenini düzýär. Ýerine ýetirilýän işleriň çäginde ýaş hünärmenleriň iş tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurtlara iş tejribelik saparlary hem yzygiderli amala aşyrylýar.
Ýakynda, has takygy aprel aýynyň 7-10-y aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” Maksatnamasynyň çäklerinde Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde “Merkezi Aziýada ekologiýa meselelerini, jemgyýet zerurlyklaryny we netijeli dolandyrylyşy bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda birleşdirmek” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri ýurdumyzyň adyndan işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda ESG düşünjesi we onuň suwy arassalamak hem-de suw üpjünçiligi, “ýaşyl” energiýadan peýdalanmak arkaly durnukly ösüş ulgamyndaky orny barada okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklary bilen bilelikde maslahata gatnaşyjylaryň bu ulgamdan peýdalanmak we geljekde ony ösdürmek boýunça pikirleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pursatdan peýdalanyp halkara giňişliginde «Ýaşyl» energetikany ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejelere ýetmegine uly mümkinçilikleri döredip berýän iki ýurduň hem döwlet ýolbaşçylaryna alkyş sözleri aýdyldy.
Wepa SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
“Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik
merkeziniň “Ýel elektrik stansiýalary” bölüminiň ylmy işgäri.