TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi hem-de Ak bugdaý etrap Geňeşi şeýle-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmen topragynda Teýmirler zamanasynyň ajaýyp binagärlik däplerini we çeperçilik tärlerini özünde jemlän, ady belli ýadygärlik bolan, halk arasynda “Seýit Jemaleddin” diýip atlandyrylýan Änewdäki Şyh Jemaleddiniň ýadygärligine gezelenç gurnaldy.

Guralan gyzykly gezelenç çäresiniň dowamynda taryhy ýadygärlik barada gürrüň berilen gyzykly rowaýatlar örän gyzykly täsir galdyrdy. Aýdylýan rowaýatlara görä bu ýadygärlik Horasanda teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulypdyr. Bu metjit özüniň daşky gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpüsini haýran galdyrypdyr. Emma, gynansak-da, orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasy bolan bu metjidiň binalaryna 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titiremesi öz zyýanyny ýetiripdir. Ýöne ýer titiremesi bina zyýan ýetirenem bolsa, bu ýerde birnäçe taryhy ýadygärliklere baý bolan binanyň bölekleri saklanyp galypdyr.

Taryhy ýadygärligiň petşagynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul-Kasym-Babyryň ady tutulýan uly ýazgyda “Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlary we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Babyr Bahadurhan patyşalyk süren wagtynda guruldy, hemmeden beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin” diýen ýazgy bar diýip aýdylýar.

Beýleki ýazgylarda Seýit Jemaleddin metjidini Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemaleddiniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurduranlygy hakyndaky maglumatlar getirilýär.

Gyzykly gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp ýadygärlikleri öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT

23 Iýun 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR SAGDYN DURMUŞ BILEN

23 Iýun 2025 | 1 okalan

YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK