Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan etrabyň mekdep okuwçylarynyň, ýaş zähmetkeşleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraldy.
Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem köpçülikleýin sporty ösdürmegiň, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň we sport bilen meşgullanmagyna ähli şertleriň döredilmeginiň möhüm ähmiýeti bar.
Sport ýaryşlaryň arasynda ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerinde we taplanmagynda, sportda uly üstünlikleri gazanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag, beýik işleri üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.