Ýakynda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalaryna bagyşlanan brifing-duşuşyga bilim, medeniýet ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, medeni ulgamynda taryhy wakalaryň bolup geçýändigi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilýändigi, döwletli ýörelgeleriň rowaç alýandygy dogrusynda gürrüň edildi.
Çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygynyň hem-de Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly bellenip geçilendigi, hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Samarkant şäherinde geçen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşandygy we çuň manyly çykyş edendigi bilen bagly gürrüňe aýratyn ünsi çekdiler, bu wakalaryň taryhy ähmiýeti barada aýtdylar.
Brifing duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýyny we şan-şöhratyny arşa göteren, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryň işjeňleşmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Röwşen MAKSATMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.