BILIM ULGAMY ROWAÇLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz her gününi şan-şöhrata besläp, geljegiň ak ýoly üçin aýdyň binýat gurmagyň ýolunda ynamly ädimler bilen ösüşiň barha ilerleýän belentliklerine tarap ynamly barýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, onuň halkara gatnaşyklarynyň parahatçylyk ýoly bilen ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşandyny goşmagy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegi, onuň dünýä döwletleriniň içinde abraýynyň uludygyny görkezýär. Bitaraplygyň şöhratly 30 ýylynyň içinde, Türkmenistan döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy. Diýarymyzda halkymyzyň bolelin durmuşy üpjün edilip, ykdysady, syýasy, medeni we ylym-bilim ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Bu beýik özgertmeler ýolunda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, ruhubelent, beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri, bilim işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan bimöçber aladalar edilýär.

Häzirki zamanda islendik döwletiň üstünlikli ösüşleri ilki bilen bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesinde kesgitlenilýär. Şu derwaýys talapdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda edýän yzygiderli aladalary netijesinde Diýarymyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu täze binalaryň ählisi döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Ýaşlarymyzyň halkymyzyň medeni mirasyny düýpli öwrenmekleri, olary ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinde terbiýelemek babatynda hem uly işler alnyp barylýar. Bilim ulgamy bilen baglanyşykly meýilnamalar has hem kämilleşdirilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirkizaman türkmen ýaşlaryna kämil bilim-terbiýe bermek, olaryň giň gözýetimli bolmagyny gazanmak, iň oňat ukyplaryny, başarnyklaryny, endiklerini ýüze çykarmak hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglylykda  ýaşlarymyzy döwrebap ösdürmek, olaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini gazanmak esasy wezipedir. Täze okuw dersleriniň, okuw kitaplarynyň hem-de okuw gollanmalarynyň çalt depginlerde taýýarlanylmagy, multimediýa serişdeleriniň, internet ulgamlarynyň okuw dersleri üçin ulanylmagy we beýleki täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň, usulyýet binýadynyň pugtalandyrylmagy okuw-terbiýeçilik işiniň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Şeýlelikde, şu ýerde şeýle ajaýyp şertlerde talabalaýyk işlemek, talyplaryň çuňňur bilim we asylly terbiýe almaklarynda mugallymlaryň döredijilik zähmetiniň-de uly hyzmatynyň bardygyny aýratyn bellemelidiris.

Türkmen ylmyny-bilimini täze derejelere göterýän, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, tilsimatlaryny ornaşdyrýan, mugallymlara, alymlarymyza, ylmy işgärlere işlemek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gyzylgül BAÝRAMOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar