2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda “Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2016-njy ýylyň 16-njy awgustynda bolsa, bu Kanuna üýtgetmeler girizildi. Kanunda atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär.
Şeýle hem, kanunda atly sport ýaryşlaryny guramagyň we geçirmegiň tertibi, türgen çapyksuwarlary ýaryşlara taýýarlamagyň okuw-türgenleşik we usulyýet esaslary, atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünleri öz aýdyň beýanyny tapýar. Arheologik gazuwlar geçirilen mahalynda at eýeleriniň rugsady bolmazdan, atçylyk obýektlerini peýdalanmagyň, atlaryň saklanylýan, bakylýan ýerlerinde ekologiýa seljermesini geçirmezden, gurluşyk işlerini geçirmegiň, tohumçylyk işi boýunça Geňeşiň rugsady bolmazdan, tohum atlary Türkmenistanyň çäginden daşary satmak bilen baglanyşykly söwdalary geçirmegiň gadagan edilýändigi aýratyn bellenilýär.
Atçylaryň we at eýeleriniň atlary satyn almaga, satmaga, özleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, kanuny bähbitlerini goramaga degişli hukuk berýän kadalar kanunda anyk maddalarda berkidilýär. Atçylara we at eýelerine atçylyk obýektlerinde weterinariýa-sanitariýa kadalaryny, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini, atlary idetmegiň zootehniki düzgünlerini berjaý etmegi, atlaryň kesellemeginiň, şikes almagynyň öňüni almak üçin çäreleri görmek bilen bagly talaplara ähmiýet berilýär. Şu talaplaryň Kanun esasynda berjaý edilmegi bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak üçin esas bolup hyzmat edip biljekdigi düşündirilýär.
Sahiba ATAHANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.