ATA SARPASYNYŇ BEÝANY

Perzent üçin atasynyň aýdanyny iki gaýtalatman berjaý etmek parzdyr hem borçdur. Mähriban ynsanyň sarpasyny ebedi tutmak bolsa, belent derejedir. Şahyr Ata Atajanowyň ajaýyp jümleleri henizem hakydamda ýaňlanýar:

Kitapda-da akyl bary bar weli,

Durmuşdan-da sapak öwrenmek gerek:

«Üç hödürden ýüz öwürme hiç haçan!»,

Diýip, atam öwüt berdi bir gezek.

«Atada Taňrynyň haky bar» diýilýär. Halkymyzda ene Käbä, ata Kybla deňelýär. Bu ene-atanyň sarpasynyň belent derejede durýandygyny, mukaddeslik derejelerine çenli saýylýandygyny görkezýär.

Halkymyz «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Ataň barka at gazan, atyň barka ýol», «Ata alkyşy – altyn», «Ata barynda – ogul ýaş, aga barynda – ini ýaş», «Ata bolmadyk, ata gadryny bilmez», «Ata sözi hikmet, ene sözi rehnet», «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar», «Atanyň ojagy gymmat», «Ataň bilen öwünme, eneň bilen söýünme», «Ataňy görenden akyl sora» ýaly ençeme nakyllary ýöne ýere döreden däldir. Halk hazynasy bolan bu sözler gyzyldan gymmatly bolup, ýaş nesiller üçin ata hormatyny mizemez saklamagyň çeşmesidir.

Ata Watan diýen sözde iki mukaddesligiň badaşmagy görünýär. Onda ömür bar, dowam bar, gorag bar. Soltan Sanjar kakasy Mälik şadan, Mälik şa kakasy Alp Arslandan tälim alyp, adyny taryha ýazdyrýar. Oguz hanyň kowmuna ser salsak, alty ogul beýik atanyň pendini tutup, uly il boldular, yklymyň çar künjünde döwlet gurdular. Magtymguly Pyragy ahun Azadynyň wesýetlerine wepaly bolup, çuň akyl-paýhas ummanyna eýe bolýar. Hut şu sazlaşyk Gahryman Arkadagymyzyň şejere daragtynda-da aýdyň görünýär. Ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň durmuş mekdebi Mälikguly aganyň bitiren beýik işlerinde duýulsa, hormatly Prezidentimiziň şahsyýetinde gaýratly kyblasynyň görkezen göreldesi görünýär.

Şabibi KYLÇTAGANOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar