MELHEM MIWELER

Alma – holesterini kemeldýär, bejerýär, bagyr we öt daşlaryny eredýär. Dişi, süňki berkidýär. Azganlylyga em bolýar.

Limon – deri öýjüklerini berkidýär, süňküň çeýeligini artdyrýar. “C” witaminiň köplügi sebäpli, sowuklamany bejerýär, bedene düşen mikroblary aýyrýar. Bedende kesele garşy göreşijiligi güýçlendirýär.

Banan – bedenden duzy, zäheri aýyrýar. Aşgazanyň, içegäniň sowuklamasyny aýyrýar. Nerw dartgynlylygyny gowşadýar.

Kädi – aşgazan, içege, bagyr we öt kesellerine emdir. Semizlik, bagyr, ýürek-damar, böwrek kesellerinden, ysgynsyzlykdan ejir çekýän adamlara kädi iýmek peýdaly. Kädiniň şiresi bal bilen garylyp içilende, ukyny kadalaşdyrýar, nerwleri rahatlandyrýar, peşew ýolunyň mäzinde döreýän keselleri bejermäge kömek edýär. Onuň çigidi bolsa, soguljan gurçugyndan halas bolmaga ýardam edýär.

Ysmanak – ýatkeşligi gowulandyrýar, nerw ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Gan basyşynyň we ýürek urşunyň kadaly bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýürek myşsasyny pugtalandyrýar.

Kelem – bedeni zäherli maddalardan, duzdan, ýagdan arassalaýar. Düzüminde ýoduň köpdügi sebäpli, angina we zob keselleriniň dermanydyr. Ödüň arassalanmagyna kömek edýär. Ýanyga, iriňli ýara emdir. Düzümindäki B12 witamini ganyň emele gelmegine ýardam edýär, nerw ulgamyny kadalaşdyrýar.

Käşir – “A” witamine baýdygy sebäpli, gözüň görejini ýiteldýär. Bedeniň işe ukyplylygyny artdyrýar. Ganyň arassalanmagyna, içegäniň oňat işlemegine, sary gaýnama peýda edýär.

Gözel DURDIBAÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

HALAL ZÄHMETIŇ MIWESI

Indiki makala

ATA SARPASYNYŇ BEÝANY

Meňzeş habarlar