BEDEW — TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary atçylyk sport toplumynda ýurdumyz boýunça halypa, ýaş hem-de ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşygy geçirildi.

Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orny eýelän ýeňiji “Şowly” monoblok kompýuteri bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşykda 1-nji orny eýelän ýeňiji 55-lik “Zemin” telewizor we 50.000 manat pul sowgady bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşykda 1-nji orny eýelän ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — “Toyota Fortuner” kysymly awtoulagyň açary we diplom gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň uçar ganaty, wepadar dosty hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alyp barýan netijeli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Maksat BÄŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar