KITAP OKAMAK – DÜNÝÄ SEÝRAN ETMEK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «Kitap okamak – dünýä seýran etmek» atly şygar astynda Görogly şäher medeniýet öýünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýaş kitaphana okyjylary bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ata Watanymyzyň beýik ösüşleridir özgertmeleri, ýaşlar hakda edilýän aladalar barada durlup geçildi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti we baý many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňlere aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşlige gatnaşan okuwçy ýaşlar özleriniň bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýändigi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

Begenç GARAMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY