ÝOL HEREKETINIŇ ÝAŞ GÖZEGÇILERI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde Şabat şäheriniň «Dostluk» seýilgähinde ýaş nesillerimize ýol-hereketiniň kadalaryny wagyz etmek maksady bilen etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde etrabyň polisiýa, bilim bölümleriniň wekilleri çykyş edip, ýaşlara ýol hereketiniň düzgünleri barada giňişleýin maglumatlary berdiler. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden okuwçylara gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Rahatoý HAÝTMETOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY