“ÇALSANA, BAGŞY!” ATLY BÄSLEŞIGIŇ AKDEPE ETRAP TAPGYRY

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň Akdepe etrap tapgyry etrabyň medeniýet öýünde geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrabyň ýaş bagşy-sazandalary we çagalar döredijilik bagşy toparlary gatnaşdylar.

Ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýaşajyk sungat ussatlary onuň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen görkezdiler. Bagtyýar ýaşlaryň her biriniň buýsançly hem-de şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýlelikde, Bekberdi Gurbanmedow, Nury Nuryýew, Nazarmät Tirkeşmedow, Laçyn Mätgeldiýewa, Ogulşeker Haljyýewa, Aýşat Myradowa, Polat Orazmädow dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilip, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşan bagtyýar nesilleriň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Akjagül AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY