SAGDYN DURMUŞYŇ SAKASY...

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde Görogly etrabynyň 1-nji sport mekdebinde «Sagdyn durmuşyň sakasy – sport bilen meşgullanmakdyr» atly sport çäresini geçirdi. Ýaşlary sporta çekmek, berk bedenli, sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen sport çäresine etrabymyzyň sport mekdeplerine gatnaýan türgenler gatnaşdy. Geçirilen sport çäresine gatnaşan türgenler sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, şaşka görnüşleri boýunça ýaryşdylar hem-de sport mekdebiniň tälimçileriniň ýolbaşçylyk etmeginde dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler. Türgenleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde şeýle sport çäreleri uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Sport çäresiniň ahyrynda deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başaran türgenlere gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň Bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY