Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi ähli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýol ýörelgelerimizi, el-işlerimizi ahlak arassalygy hem-de maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen «Maşgala mukaddesligi zenan mertebesidir» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri mährem eneler çykyş edip gadymdan gelýän milli el işlerimiz halyçylyk we keşdeçilik sungatymyzyň ene mamalarymyzdan miras galyp şu günki nesillerimize ýetirilişi, maşgalada zenanyň tutýan orny nesil terbiýesi barada täsirli çykyşlar edildi. Wagyz-nesihat çärä gatnaşýan zenanlar döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Aýnur ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.