Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň UNESCO kluby bilen bilelikde «Ýaşyl bilim we daşky gurşawy goramak» atly şygar astynda çäre geçirildi. Çärede mekdebiň okuwçylary özleriniň daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzdan aýawly we rejeli peýdalanmak barada çykyş etdiler, hem-de özleriniň ýasan guş höwürtgeleriniň, maketlarynyň, suratlarynyň sergilerini giňden ýaýbaňlandyrdylar. Guş höwürtgelerini ýasamak we olara ideg etmek barada gürrüň berdiler. Täsin gözelligi we ajaýyplygy bilen tapawutlanýan gözel tebigatymyzy gorap saklamagyň biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny belläp, çärä gatnaşanlar ýaş nesillerimize giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çärede üstünlikli çykyş eden okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.
Ýazjemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.