TÜRKMENIŇ KÖŇÜL NAGŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatymyz günsaýyn ösýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary şaýatlyk edýär. Haly sungaty halkyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Erşi-argajy, çitimi sap ýüňden, reňki tebigy boýaglardan, ýugrumy erjel, sap zähmetden bolup, oňa bimöçber yhlas siňdirilipdir.

Däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly ezizlän ene-mamalarymyz ir döwürlerde-de halyny satmak üçin däl-de, özüniň durmuş hajaty üçin dokapdyrlar. Türkmen törüniň düşegi, toýunyň-kejebesiniň bezegi, çuwal torbasy, kitabynyň, dutarynyň, hatda ýaragynyň gaby-da haly önümleri bilen gurşalypdyr. Ýedi hazynanyň biri bolan haly gymmat bahaly emläk hasaplanypdyr, ol häzirem şeýle. Älemgoşar öwüşginli, lowurdap duran türkmen halylary Gündogaryň arzyly harytlarynyň biri hökmünde mydama uly abraýa eýe bolupdyr.

«Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar aýdypdyrlar. Gadymy milli senedimize röwşen öwüşgin çaýýan çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan döreýän, gözleriňi gamaşdyryp duran juda owadan, nepis halylary, onuň çeper nagyşlaryny bu gün görmäge göz gerek. Eger-de halynyň göllerine seretseň, ol türkmeniň durmuşyndan üzňe däl. Onuň göllerinde türkmeniň hal-ýagdaýy, ykbaly, durmuşy şekillendirilýär. Ýomut halylaryndan örän özboluşly «gabsa gölüni» alyp göreliň. Ol Hazaryň kenarynda balyk tutulýan gaýygy ýatladypdyr. Bu bolsa türkmenleriň öňki döwürde balykçylyk bilen meşgullanandygyny aňladypdyr.

Dünýägözel MIRIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersiteti 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar