ÝAŞLAR ALADA BILEN GURŞALÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz bedew bady bilen ösýär, özgerýär, ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda halkyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaş raýatlaryň ruhy-ahlak, ylymly, bilimi, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän tutumly işleriň netijesinde Diýarymyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri babatda zerur şertler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem ýurdumyzda ýaş nesil babatdaky alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Munuň özi ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornunyň örän uludygyny ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.

 Her bir işde ýaşlarymyzyň aladasyny özleriniň üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar