BEHIŞDI BEDEWLERIŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzy uly ösüşlere galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, gardaşy we syrdaşy bolup gelen bedewlerimize aýratyn hormat goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykdy. Bedewe goýulýan sarpa häzirki döwrüň şekillendiriş we amaly-haşam sungatlarynyň üsti bilen has-da arşa göterilýär.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň aprel aýynda ýurdumyzda uludan toýlanýan türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek ugrunda nakgaşlaryň heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky geçirilen döredijilik bäsleşigi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň we zehinli ýaşlaryň arasyndaky ussatlyk derejäni kämilleşdirmäge giňden ýol açýar. Bäsleşige gatnaşýan döredijilik işleri şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk ýaly görnüşlerinde ýerine ýetirilip halk köpçüligine ýetirildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we ýörite çeperçilik we sungat mekdebiniň talyplarynyň, halypa mugallymlarynyň hem-de erkin suratkeşleriniň döreden eserlerinde bedew waspy has aýdyň şöhlelenýär. Olar ajaýyp sungat eserlerinde diňe bir bedewleriň alamatlaryny görkezmek, olaryň daşky keşpleriniň nusgasyny çekmek bilen çäklenmän, eýsem bedewleriň örän duýgur asyllylygyny we täsin galdyrýan üşükligini beýan etmäge çalyşýarlar.

Bäsleşige hödürlenen naýbaşy işler degişli ugurlara – iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, ahalteke bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri we iň gowy teleoperatorçylyk ugry boýunça saýlanyp alyndy. Türkmen bedewiniň nepis ýasalan at şaý-sepi – “Altyn bezeg” atly eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýewiň, iň gowy surat eseri boýunça –“Behişdi bedewler” atly nakgaş eseri üçin Türkmenistanyň “Nakgaşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanowyň, türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli – “Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi” atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Goçmyrat Hanowyň, şeýle hem, türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi – “Şa serpaýly bedewli halylar” atly senenama işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýewiň ýerine ýetiren eserleri hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolup, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiziň bady has-da belentde bolsun! Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny beýgelden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Abdyrahym BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş”

kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar