Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, biologiki köpdürliligini, suw we toprak serişdelerini goramak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda daşky gurşawy goramak baradaky kadalar görkezilip, raýatlaryň tebigaty goramak borjy kanun esasynda berkidilendir. Şeýle hem, ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2020 – 2040-njy ýyllar üçin Milli strategiýasy” bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn we ylmy taýdan esaslandyrylan görnüşde ýola goýýar. Strategiýa howanyň hiliniň gowulanmagyna, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, çölleşmä garşy göreşe we tebigy ýerleriň dikeldilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistan halkara derejesindäki ekologiýa başlangyçlara hem işjeň gatnaşýar. Eziz Diýarymyz BMG-niň daşky gurşaw bilen baglanyşykly birnäçe Konwensiýalarynyň agzasy bolup, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, häzirkizaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak syýasaty durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, ekologik deňagramlylygyň saklanylmagyna we ýaşaýşyň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen strategiki ugur bolup çykyş edýär.
Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.