TEBIGAT – ADAMZADYŇ ÄHMIÝETLI MIRASY

Tebigat adamzadyň ýaşaýşynda örän möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir gözellik manysynda düşünilmän, eýsem ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän çeşme hökmünde kabul edilýär. Tebigy baýlyklaryň, ýagny suw, howa, toprak we biologiki dürlüligiň barlygy adamlaryň ýaşaýyş derejesine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin tebigaty goramak we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak häzirkizaman jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Dünýä ýüzünde ekologiýa bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler adamyň tebigata edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgüni ösdürmek döwlet derejesindäki syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işler diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek bolsa durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Sopy ÝEGENGYLYJOW,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar