Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde behişdi bedewlerimiz halkyň köňül buýsanjyna öwrülip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Türkmen halky her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bedew baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, spektakllar, konsertler we at sport bäsleşikleri geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterilýär. Türkmen bedewi dünýäde hiç wagt ýitip gitmejek maddy we ruhy gymmatlykdyr. Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjy bolup iň gymmatly tohumlaryň biri hasaplanýar. Behişdi bedewlere türkmen topragynda belentde sarpa goýulýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döwlet nyşanlarymyzyň döredilen wagtynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbi ýerleşdirilmegini aýratyn bellärliklidir. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky atçylyk akademiýasynyň açylmagy, ýene-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylyp berilmegi şeýle-de “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi-de aýratyn bellärliklidir.
Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her welaýatyň merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň gelşiginiň bedewlerimiz bolmagy-da döwletimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaşyl tugumyzy al asmana parladyp altyn kuboga eýe bolandygyny aýratyn bellemek gerek.
Türkmen halky hemişe öz bedewine guwanypdyr hem-de ony milli şaý-sepleri bilen bezäpdir. Bu bolsa atlara aýratyn owadanlyk beripdir. Ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrük bedew atlarymyz toý-baýramlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr.
Asuda Watanymyzyň goýnunda atçylygy ösdürmekde gadymy ýol-ýörelgeleriň rowaçlanmagyna giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Azada ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.