ŞÖHRATY JAHANA DOLAN BEDEWLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi ösdürmäge, şonuň bilen bir hatarda, buýsanjymyz we şöhratymyz hasaplanýan ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi sarpalamaga uly ähmiýet berilýär. Döwrümiziň uçar ganaty bolan türkmen bedewleri ähli döwürlerde-de synmaz ruhuň, çäksiz wepadarlygyň, taýsyz gözelligiň, kämilligiň, şol bir wagtda-da arzyly ýeňişleriň, üstünlikleriň nyşany hasaplanypdyr. Ýyndamlygy gözelligi syzgyrlygy edil adam ýaly öz mertebesini goramagy başarýandygy, şeýle-de wepadarlylygy bilen gadymy döwürlerden bäri ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly “Galkynyş” toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde ýaz ýakymy bolup ata Watanymyza dolan hoş habar her birimiziň kalbymyzda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Galkynyş» topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp boldy” diýip belleýşi ýaly, bu dünýä belli meşhur topar ozal hem ençeme halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewlerimiz barada edýän yzygiderli aladalary diňe atşynaslyk sungatyny ösdürmekde däl-de, eýsem halkara derejeli atly sport ýaryşlaryny, at çapyşyklaryny gurnamakda, ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlarymyzy has-da dabaralandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýe bolup, ol her bir adamyň kalbyny bedewlermize bolan buýsançdan doldurýar. Merdana halkymyzyň şunuň ýaly nurana baýramlara, ak ýollary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Türkmen bedewiniň baýramy gutly mübärek bolsun!

Arazgül MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar