DIL – BAÝLYK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Bu gezekki duşuşykda oňa gatnaşan ýaş dilmaçlar iňlis dilinde daşky gurşawy aýawly gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, ertekidir-rowaýatlaryň ösüp gelýän ýaş nesiller üçin terbiýeçilik ähmiýeti, ruhy saglygyň beden saglygy bilen deň derejede wajyplygy, sosial torlaryň täsirleri, dünýä ýurtlarynyň medeniýeti we sungaty ýaly dürli mowzuklarda çykyş etdiler, özara sowal-jogap alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, dünýäde halkara gatnaşyklarynyň barha ösýän şertlerinde dil bilmek möhüm talaplaryň biri. Daşary ýurt dillerine erkin erk etmek ýaşlaryň bilimlerine, dünýägaraýşynyň giňemegine, pikirlenişiň ösüşine täsir edip, akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dillerinden iňlis dili has giňden ýaýran dilleriň biri hasaplanyp, häzirki wagtda özara düşünişmek, söwda, tehnologiýa we döwletara gatnaşyklarynda iň köp ulanylýan dilleriň biri bolup durýar.

“Ýaş dilmaçlar we halypalar” gurnagy her hepdäniň penşenbe güni daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýän höwesjeň ýaşlary jemleýär, şeýle hem bu gurnaga gatnaşmak isleýänleri çagyrýar.

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, belent üstünliklerine mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Mähri ORAZMÄMMEDOWA,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron

žurnalynyň terjimeçisi.

Meňzeş habarlar