Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýöriteleşdirilen muzeýler hereket edýär. Şeýle muzeýleriň biri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetindäki indi on ýyl bäri hereket edýän Arheologiýa we etnografiya muzeýidir.
Türkmenistanyñ taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Täçmuhammet Sahydowyň ýolbaşçylyk edýän bu muzeýinde taryhy gymmatlyklarymyz jemlenen. Onda ýurdumyzyñ çägindäki taryhy ýadygärlikleri suratlandyrýan maketler, numizmatiki çeşmeler bolan kagyz pullaryñ, teññeleriň dürli nusgalary, egin-eşikler, zähmet gurallary talyplarda ata-babalarymyzyñ nesillere miras goýan işleriniň gadyr-gymmatyna düşünmäge ýardam edýär.
Beýik Ýüpek ýoluñ ýüregi hasaplanýan Türk-menistan taryhy ýadygärliklere baýdyr. Her bir muzeý - milli mirasyň mesgeni. Onda öwrenere, bilere zat kän.
Zyýada ÝUSUBOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.