AWAZADAKY KÜŞTDEPDI ÖWÜŞGINLERI

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň şöhratyna şan berjek ýene bir dabara Awazanyň bu günlerdäki şowhunyna üýtgeşik şatlyk goşdy. Ýurdumyzda indi ikinji gezek geçirilýän «Küştdepdi — dünýä medeniýetiniň gymmatlygy» atly festiwal döredijilik folklor tans toparlaryny bir ýere jemläp, gatnaşyjylara unudylmajak täsirleri, ajaýyp joşguny bagyşlady. Bu özboluşly medeniýet baýramçylygyna öwrülen dabara ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralyp, oňa welaýatlaryň saýlama döredijilik toparlary gatnaşdy. Festiwalyň dowamynda folklor toparlary tarapyndan taýýarlanylan çykyşlaryň 12-sine tomaşa edildi.

Medeni mirasymyzyň nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Küştdepdi diňe bir döwre gurap oýnalýan tans, gazal aýdyşygy ýa-da köpleriň hereketini sazlaşykly utgaşdyrýan gurşaw däl-de, eýsem halkyň ruhy hazynasyny, ýürek hyjuwyny, kalbynyň sazlaşygyny, ruhubelentligini, milli däp-dessurlaryny, häsiýetini dabaralandyrýan köpöwüşginli sungatdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda küştdepdi barada şeýle setirler bar: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Küştdepdi tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär». Hawa, türkmen halkynyň durmuşy, toý-dabaralary küştdepdi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Küştdepdide birleşdiriji güýç bar, onda birnäçe adamlaryň sazlaşykly gazallary we tans hereketleri utgaşyp, jebis bir sungat eserini emele getirýär, bu tansa ýörite taýýarlyk hem zerur däl, şonuň üçin ol ýeňillik bilen, köpçülik bolup ýerine ýetirilýär. Bu bolsa her bir tansa gatnaşyja hyjuwy, beýlekiler bilen sazlaşykly ýaşamagyň gözelligini, ruhubelentligi bagyşlaýar. Türkmen medeni mirasy biziň durmuşymyzyň, pähim-parasada ýugrulan bagtyýar ýaşaýşymyzyň şahyrana çeper beýanydyr. Ajaýyp döwrümizde ony hemmetaraplaýyn dolulygyna öwrenmek uly ähmiýete eýedir.

Ol günki dabarada gadymy Hazaryň kenarynda belentden ýaňlanan gazallara sazlaşykly goşulyp gidýän joşgunly tanslar mawy deňziň möwçli tolkunlary bilen bäsleşýän ýaly görünýärdi. Daşoguz welaýatynyň «Çowdur äheňleri» atly folklor tans toparynyň «Daşoguz owazlary» atly küştdepdi çykyşy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu çykyşyň dowamynda toparyň depçi sazandasy Täzebaý Çommyýewiň porhan görnüşine girip, dep kakyşy tomaşaçylary haýran galdyrdy. Gadymy däplere görä, küştdepdiniň porhanlyk däpleri bilen baglanyşykly gelip çykandygyny, soňlugy bilen bu hereketleriň kämilleşdirilip, halkyň medeni mirasynyň bir bölegine öwrülip gidendigini hünärmenler aýdýarlar. Bu çykyşda küştdepdiniň gadymy däpleri örän ynandyryjylykly suratlandyryldy.

Küştdepdiniň özboluşly ýerine ýetiriliş usullary bar. Küştdepdi ýerine ýetirilende, ozaly bilen ýaşlar orta ýaşly adamlar hem goşulyşyp, döwre guraýarlar. Tansyň ýanynda gazalçylar aýdyşyk görnüşinde gazal aýdýarlar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe toý-baýramlarymyzyň ýaraşygy bolan küştdepdi tansy ylmy taýdan öwrenilip, onuň birnäçe görnüşleri dikeldildi. Ynsan kalbyna çuňňur täsir edýän, toý-dabaralaryň şowhunyny artdyrýan şahyrana tans döwrebap röwüşler bilen bezelýär. Festiwalda tomaşaçylaryň bir pursat hem gözlerini aýryp bilmän tomaşa eden çykyşlarynyň biri-de Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň «Akjaýar» halk folklor toparynyň «Gadymyýetiň ýaňy» diýlip atlandyrylan çykyşy boldy. Bu toparyň özboluşly aýratynlygy bar. Toparda uly ýaşly eneleriň 12-si çykyş edip, olar küştdepdiniň ähli ýaşlylar tarapyndan-da uly höwes bilen ýerine ýetirilýändiginiň janly mysalyny görkezýärler. Toparyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Orazbibi Ylýasowa: «Biziň toparymyz 1982-nji ýylda döredildi. Döredileninden bäri gadymy milli däp-dessurlarymyzy öwrenip, olary çykyşlarymyzda dolulygyna, täsirliligi bilen görkezmäge çalyşýarys. Ine, toparymyzyň agzalary — eneler bolup 35 ýyl bäri gazal aýtmagyň, küşt depmegiň, beýleki medeni mirasymyzyň öwüşginlerini ýaýbaňlandyryp, nesillere geçirmäge öz goşandymyzy goşýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymy küştdepdi tans dessury täze many-mazmuna, öwüşginlere eýe bolup, toý-dabaralarymyzy bezeýär. Häzirki döwürde küştdepdi Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly joşgun, täsin aýratynlyklar bilen ýerine ýetirilýär. Bize toparymyz bilen daşary ýurtlarda-da öz çykyşlarymyzy görkezmek nesip etdi. Ýyl-ýyldan giň gerime eýe bolýan Medeniýet günleri dürli ýurtlarda geçirilip, olarda hem küştdepdi tansy ýerine ýetirilýär. Döwre guralyp, deň hereketler bilen sazlaşykly guralýan bu tansa beýleki halklaryň wekilleriniň hem şatlyk bilen goşulýandyklaryny görmek örän guwandyryjydyr. Milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmakda we wagyz etmekde ähli şertleri döredip berýän milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda döwrümiz aýdym-sazlara beslensin!» diýip, öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Hazar şäher medeniýet bölüminiň işgäri, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýynyň eýesi Söýün Hudaýberdiýewiň zikr çekişi çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu toparyň agzasy Orazbibi Durdyýewanyň aýtmagyna görä, onuň doganynyň zikr çekmegi küştdepdi däpleriniň maşgala gymmatlyklarynyň birine öwrülip galandygyna şaýatlyk edýär. Orazbibi kakasynyň şahandaz adam bolandygyny, gazal aýdyp, küştdepdiniň gadymy nusgalaryny öwredendigini, doganlaryň hem milli medeniýetiň aýratynlyklaryny nesillere geçirmäge öz mukaddes borçlary hasaplaýandyklaryny aýdýar.

Küştdepdiniň ähli ýaşlylaryň arasynda-da uly meşhurlyga eýedigini janly mysallar arkaly «Hazar merjenleri» çagalar folklor tans toparynyň çykyşy hem görkezdi. Şeýlelikde, bu festiwalda körpe nesiller hem «Berekella!» alyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmenbaşynyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän zawodynyň bu topary 2010-njy ýylda döredilip, onuň düzüminde çagalaryň 30-a golaýy bar. Toparyň (çeper ýolbaşçysy Gurbanguly Amanalyýew) taýýarlan çykyşlary festiwala aýratyn joşgun hem many çaýdy. Ýaşuly nesliň apalap saklaýan, nesillere geçirýän medeni dessurlarynyň ýaş nesliň örän syzgyrlyk we ussatlyk bilen kabul edip alýandygynyň, öz ukyp-başarnyklary bilen täzeçe öwüşgin çaýyp ýerine ýetirýändikleriniň mysalyna öwrülen bu çykyşlar küştdepdiniň milli gymmatlykdygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Şeýle hem festiwalda Mary şäheriniň S.Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň «Altyn asyr» folklor tans toparynyň (çeper ýolbaşçysy Meýlis Akmyradow) taýýarlan çykyşlary örän täsirli boldy. Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň «Dürdäne» folklor tans toparynyň çykyşlary özboluşly çeper aýratynlyklara eýe boldy. Lebap welaýatynyň birleşen folklor tans topary täze çykyşlary görkezip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen gyzgyn garşylandy. Festiwal hakyky medeni baýramçylyga öwrüldi. Onda festiwala gatnaşyjylaryň-da, olara tomaşa edýän tomaşaçylaryň-da şowhunly hereketleri sazlaşykly utgaşyp, täsin görnüşleri, unudylmajak tolgundyryjy pursatlary bagyşlady.

26-njy iýunda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen, ýurdumyzyň folklor tans toparlaryny jemlän «Küşt depip, gazal aýdyp...» atly çäräni bu gadymy milli sungatyň baý öwüşginleri bezedi. Türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessuryny wagyz etmek boýunça çykyşlar hepdeligiň iň ähmiýetli çäreleriniň birine öwrüldi. 2015-nji ýylda «Görogly» şadessanymyzyň, Halkara Nowruz baýramynyň däpleriniň, geçen ýylyň ahyrynda bolsa aýdym-saz sungatynyň «Küştdepdi» görnüşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan ilhalar işleriniň netijesidir. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň kabul eden kararynda küştdepdiniň ady agzalan sanawa girizilmeginiň nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary, ýurtda we daşary döwletlerde durmuş jebisligini üpjün etmek üçin gural hökmünde ýerine ýetirijilik sungatynyň mazmunyna has düýpli düşünmäge giň ýol açýandygy bellenilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňiz suw çüwdürimler seýilgähiniň kenarýakasyndaky açyk sahnada ýaňlanan gazallar bir tarapdan, gadymy milli medeniýetiň gymmatlygyny dabaralandyrsa, beýleki tarapdan, bagtyýar döwrümiziň joşgunly döredijiligini aýdym-sazlaryň ganatyna baglap, hyjuwly tolkunlaryň üsti bilen dünýä ýüzüne ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde, olaryň bütindünýä ähmiýetini dünýä giňişligine ýaýmakda, wagyz etmekde alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aknur ATAÝEWA,

«Nesil».

“Nesil” gazeti,

02.08.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY