MERJEN KENARYŇ MERMER BINASY

Tomus paslynyň gelmegi bilen üstünde gatnaw ýygylaşýan ýollaryň biri-de gojaman Hazaryň juwan kenaryna barýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýoludyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna sary ýazylyp ýatan ýollary külterläp Türkmenbaşy şäherinden çykyp, Awaza tarap ýol alyp başlaýarsyň. Ine, şonda aňyrsy mawy asman bilen birleşip gidýän gök deňiz, deňziň joşgunly tolkunlarynyň gelip özüni urýan mele kenary ruhuňy göterýär. Alysdaky deňziň kenaryndaky akja merjen daşlary has hem haýran galdyrýar. Hawa, ylla diýersiň agşamky güýçli tolkunlar, gomlar deňziň çuňlugyndaky merjenlerini kenara çykaran ýaly. Emma barha golaýlaşdygyňça kenardaky merjenler mermer binalara öwrülip başlaýar. Elbetde, bular owazasy dünýä dolan Awazanyň binalary.

Magtymguly Pyragynyň: «Isgender, Jemşit saldyran beýik binalar görüner» diýen setirlerini ýatlaýarsyň. Başy gök diräp duran bu binalar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan beýik binalardyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýylyň-ýylyna täze-täze binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem däbe öwrüldi. Ynha, şu ýyl bolsa «Awaza» şypahanasy we raýatlarymyzyň rahat, abadan dynç alşyny üpjün etjek, halkymyza, ylaýta-da, ýaş nesle ajaýyp sowgat bolan «Awaza» akwaparky açylyp, ulanylmaga berildi.

Ajaýyp aýratynlyklary bilen beýleki seýilgählerden asla pesde durmaýan dynç alyş merkezleriniň biri bolan akwaparklar suw attraksionlaryny, diňli howuzlarydyr dynç almaga niýetlenen beýleki mümkinçilikleri özünde jemlemek bilen dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Geçen asyryň 40-njy ýyllarynda peýda bolup başlan akwaparklaryň bu günki günde dünýäde müňlerçesi bar. Şolaryň biri hem dürli aýratynlyklary özüne siňdirip, milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen dynç alyş merkezli «Awaza» akwaparkydyr. Bu akwapark hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylygynda bina edildi. Diňe bir raýatlarymyzy däl, dynç almaga gelýän daşary ýurtly raýatlarda hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjak «Awaza» akwaparky özüniň owadanlygy, milli aýratynlyklara baýdygy bilen tapawutlanýar. Gyşky we tomusky akwaparky, suw attraksionlaryny, söwda merkezini, supermarkedi, dükanlary, 30-a golaý kafedir restoranlary, amfiteatrdyr myhmanhanany özünde jemleýän bu uly göwrümli desga çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan Diýaryna — mähriban Watanymyza ajaýyp bezeg berýär. Umumy meýdany 30 gektara golaý bolan bu akwaparkda emeli dagdyr köller we şaglawuk görenlerde ýatdan çykmajak täsir döredýär. Howuzdyr wolleýbol meýdançasy hem gyzykly dynç alşy üpjün etmekde aýratyn orun eýeleýär. Binadaky elektron oýun meýdançasy, 7D kinoteatry hem dynç alýanlaryň, ylaýta-da, körpeler üçin arzyly ýerleriň biri. «Gowakly», adajykdaky «Adajyk» kafesi, «Çeşmejik» we körpejelere niýetlenen «Körpejik», emeli daglaryň arasyndaky «Köpetdag», köl kenaryndaky «Ýelken» kafeleri hem çagalyga mahsus täsin atlary bilen tapawutlanýar. Bu ýere maşgala bolup, şeýle-de deň-duşlary bilen dynç almaga gelen bagtyýar raýatlaryň, ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny diňlemek has-da ýakymly:

— Tomusky dynç alşa çykanymyzdan soňra «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga geldik. Ýerleşen otelimizde ähli amatlyklar bar. Deňziň kenaryndaky gezelençler, welosipedli gezelenç etmäge ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, bu ýeriň aýdyň agşamlarynda göwün açyjy dabaralar, umuman bu ýere mahsus ähli ajaýyplyklary bir sözde jemlesek: Awaza gaýtalanmajak gözellikleriň mekany. Dynç alyş döwrümiziň «Awaza» akwaparkynyň açylýan günlerine düşmegi hasam begendiriji wakalaryň biri boldy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gurlan täze binanyň açylyşyna şaýat bolduk. Şeýle-de ýurdumyzda gurlan ilkinji akwaparkda ilkinjileriň biri bolup dynç almak, bu ýeriň täsin ýerlerine syýahat etmek miýesser etdi. Bu ýerdäki howuzlar, ýel bilen çişirilen gaýyklar, şeýle hem ähli amatlyklary bolup, adyna mahsus aýratynlyklar bilen salnan kafeler turuwbaşdan göwnüňi göterýär. Kafelerde milli tagamlarymyz bilen birlikde dürli halklaryň tagamlary hem taýýarlanylýar. Çagalaryň gülki sesleri, ajaýyp pursatlaryň birini-de sypdyrman telefonyna ýerleşdiräýjek bolýan bagtly maşgalalaryň özüni synlamagam ikinji bir ajaýyplyk, aýratyn bir dynç alyş ahyry. Men hem owadan kenary, ylaýta-da, akwapark bilen bagly gyzykly başdangeçirmelerimi telefonyma, şeýle hem depderçäme bellik edýärin — diýip, bu ýere dynç almaga gelen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kerim Durdyýew gürrüň berdi.

Alyslarda ýaşyp barýan Gün hem tylla zülplerini ýygyp, suwa düşäpdir. Deňizdäki tolkunlar hem ertekilerdäki ýaly ajaýyp kenara ýetmek üçin biri-birinden ozjak bolup kenara tarap ýaryşyp gelýäne meňzeýär. Akwaparkda dynç alýan çagalaryňdyr ýetginjekleriň gülki sesleri, olaryň bagtyýar dynç alyşlary, gamsyz çagalykdan gözbaş alyp gaýdýan gaýgy-gussadan azat ýylgyryşlary sözsüzem köp zat aýdýar.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW

“Nesil” gazeti,

31.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY