ÝEŇIŞ (HEKAÝA)

Şageldi agalaryň öýleriniň öňündäki ullakan tut agajynyň aşagy hemişekileri ýaly köp adamlydy. Geň galaýmaly ýeri adam köpem bolsa, hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Hemmeleriň nazary küşt tagtasynyň başyndaky iki adama we küşt tagtasyndaky atlara dikilipdi. Ähli adamyň ünsüni çekýän zat bolsa küşt oýnunyň düýn başlansa-da tamamlanman bu gün hem dowam edýänligidi. Oýnuň ýene-de bir täsin ýeri bolsa oýunçylaryň ýaşydy. Kyrk ýyla golaý daýhan birleşiginde baş hasapçy bolup işlän, obada küşt oýnunda hiç kimden utulmadyk Babajan aganyň garşydaşy uniwersitetiň fizika fakultetiniň dördünji ýyl talyby Mergendi. Dogrusyny boýun almaly bolsa-ha, Mergeniň küşt boýunça ilkinji halypasy Babajan aganyň özüdi. Ýanaşyk goňşy bolup ýaşansoňlar oglan wagtlary Mergeni ýitirseň Babajan aganyň ýanyndan tapaýmalydy. Babajan aga-da bu zehinlije oglana ýaltanman-ýadaman küşt oýnamagy öwrederdi. Bu gün bolsa halypa-şägirdiň ýolbaşçylygynda şadyr piliň, atyň, ruhdur perziniň gatnaşmagynda küşt tagtasynyň üstünde «söweş» guralýardy. Mergeniň özüne galsa-ha, ýaşuly halypasyny hormatlap ýeňilip oturyberjek. Emma şägirdiniň bilgeşleýinden ýeňilenini aňaýsa, Babajan aganyň gaty görjegi ikuçsuzdy. Oýun dowam edýärdi. Göçüm gezegi Babajan aganyňkydy. Onuň pikire çümeninden peýdalanan Mergeniň hyýaly bir pursatlyk uniwersitete giräýen döwri bolan ýaryşa tarap uçdy.

Tutuş uniwersitet boýunça yglan edilen küştçileriň arasyndaky ýaryşa Mergen ilki ýaýdanybrak gatnaşypdy. Ýöne ýaryş ýaryş bolýar. Güýçlüden güýçlüni, ezberden ezberi saýlap hakyky ýeňijini ýüze çykarýar. Ilkinji döwden oýna düýrmegi bilen berlen Mergen yzly-yzyna ýeňiş gazandy. Ine-de, iň soňky aýgytlaýjy oýun. Mergeniň garşydaşy ozalam ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky ýaryşlara gatnaşyp «çempion» diýen ada mynasyp bolan uniwersitetiň matematika fakultetiniň soňky ýyl talyby Bäşim atly oglandy. Onuň tarypyny mazaly eşiden Mergeniň birhili ondan sussy basyljak boldy. Emma tiz özüni ele aldy. Ýöne Mergeni geňirgendiren zat Bäşim ençeme oýunlary başdan geçirip, ýeňiş gazanan hem bolsa näme üçindir Mergenden ätiýaç edýän ýaly duýuldy. Oýny hem juda eserdeňlik bilen alyp barýardy. Bäşimiň küşt oýnaýşy Mergene halypasy Babajan agany ýatlatdy. Onuň gulagyna Babajan aganyň «Hiç wagt hem garşydaşyňy äsgermezlik etmeli däldir. Çünki küşt oýny akyl-paýhasy, ýiti zehini talap edýär. Garşydaşyňy äsgermezlik bolsa pikiriňi gowşadýandyr» diýen sözleri gelen ýaly boldy. Mergen aýratyn üns bilen oýny dowam etdirdi. Uzak wagt dowam eden küşt oýny 2:1 hasabybilen Mergeniň peýdasyna tamamlanypdy. Şonda Bäşim Mergene: «Seniň tamamlan mekdebiň, has dogrusy, halypaň gaty güýçli eken. Özüňem kemsiz öwrenipsiň, mundan beýläk «çempion» adyny sen göterersiň» diýipdi. Şol pursat Mergeniň Babajan aga bolan minnetdarlygyny hiç zat bilen ölçär ýaly däldi.

Ine, bu gün bolsa Mergen özüniň «çempion» diýen beýik ada eýe bolmagynda aýratyn yhlas siňdiren halypasynyň garşysyna oýun alyp barýar. Bu ýeňil iş hem däl. Şägirdiniň küşt göçümlerinden däl-de, özünden çekinip oturany Babajan aga aýnada gören ýaly aýdyňdy. Ol ahyry çalaja ardynjyrap:

— Mergen, biler bolsaň, oýny düýn tamamlamalydyk. Ýöne men seniň ýagdaýyňa göz ýetirdim. Sylaýanyňa, hormat goýýanyňa sag bol. Ýöne oýnuň hem öz düzgüni bar. Ata-babalarymyzyň «Göreşde ataňy hem sylama» diýen pähimi bar. Hany, güýmenjiräp oturma-da, çynyň bilen oýna, ýogsam bes edäýeli — diýdi.

Halypasynyň bu sözlerinden soň Mergen tijendi. Şeýdibem ähli göçümlerini ýat beklän, üstesine ençeme ýaryşlarda ýeterlik tejribe toplan Mergen halypasyny utdy. Utuşyna-ha utdam welin, birhili utandam. Ýöne tersine, geň galaýmaly Babajan aganyň keýpi ýeňleniň däl-de, ýeňiş gazananyň keýpine meňzeýärdi. Ol utanjyrap duran Mergene mähirli seredip:

— Berekella, Mergen jan, tamamy ödediň. Men bu oýunda ýeňlenem bolsam, sen ýaly şägirt ýetişdirip uly ýeňiş gazandym. Maňa şonuň özi hem uly ýeňiş, bahasyna ýetip bolmajak bagt ahyry. Küşt oýny aslynda Hindistanda dörän hem bolsa türkmen topragynda has ir döwürlerden bäri oýnalyp gelinýär. Taryhda Muhammet As-Suly ýaly uly meşhurlyga eýe bolan türkmen küşt ussatlary ýaşap geçipdir. Indi bolsa şol dana ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirmek, sportuň küşt görnüşi boýunça ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýüzünde belende galdyrmak siziň paýyňyza düşýär. Elmydama ýeňiş ýaranyň bolsun, ýoluňyz ak bolsun! — diýip, uly dabara bilen Mergeniň elini gysdy.

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

28.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY