Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde goňşy döwletlerimiz bilen ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kermanşah welaýatynda bolan ýer titremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek hakyndaky gol çeken Buýrugy Watanymyzyň ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgeleriniň netijesidir.
Türkmenistan tebigy betbagtçylyk zerarly mätäçlik çekýän adamlara ilkinjileriň hatarynda dostluk goluny uzatdy. Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine ynsanperwer ýükleri gowşuryldy.
Goňşy ýurduň doganlyk halky kyn günlerinde ynsanperwer kömegi üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Halkymyzda asyrlarboýy dowam edip gelýän gadymy ýörelgeleri nesilden-nesle geçirmekde, ýagny goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamakda, ösdürmekde, zerur bolan ýagdaýynda kömek bermekde ýaşlara nusga bolýan milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Bezirgen ATAÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
26.07.2018ý.