BAGTYÝAR DURMUŞYMYZY NURLANDYRÝAN TUTUMLAR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, öňdengörüjilikli, anyk mümkinçiliklere daýanýan oýlanyşykly başlangyçlary, dünýä nusgalyk tutumlary netijesinde zähmetsöýer halkymyzyň her bir güni şöhratly taryhymyzy bezeýän şanly wakalara beslenýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen toýlanylan pursatlarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde şatlyk-şowhun bilen il hyzmatyna berlen önümçilik hem-de durmuş maksatly binalardyr desgalar şeýle buýsançly hakykatyň nobatdaky subutnamalaryna öwrüldi. Şol bir wagtda, bu açylyş dabaralary döwletimiziň hem-de berkarar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň bähbitlerine laýyk gelýän beýik maksat-tutumlary durmuşa geçirmegi hemişe baş wezipe edinýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň elmydama rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola jümle-jahana ýaýdy. Hormatly Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşen merdana halkymyz eziz Watanymyzyň kuwwatly, gülläp ösýän ýurda öwrülmegini gazanmaga gönükdirilen uzakmöhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda öndürijilikli, döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýär.

Hazaryň türkmen kenarynyň nowjuwan keşbine öwrülip, gysga wagtda dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda mynasyp ornuny tapmagy başaran «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Awaza» şypahanasynyň, dynç alyş merkezli «Awaza» akwaparkyň hem-de sebitde iň iri ýangyç-energetika desgalarynyň biri hasaplanylýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň polipropilen örtügini öndürýän täze kärhanasynyň nobatma-nobat işe girizilmegi şeýle hakykaty ýene bir ýola buýsanç bilen nygtamak bagtyny peşgeş berdi.

Bu pursatlar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, olaryň mynasyp nesiller bolup ýetişmekleri üçin zerur şertleri döredýändiginiň beýanydyr. Bir günüň dowamynda il hyzmatyna berlen iri desgalar hut şeýle asylly maksadyň hasyl bolmagyna gönükdirilen taslamalardyr.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel binalarynyň üstüni ýetiren bu täze binalar diňe bir wagtyňy hoşlukda geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, iň gymmatly baýlyk bolan baş saglygyny pugtalandyrýan dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, şol sanda daşary ýurtly syýahatçylaryň saglygy goraýyşda hem-de wagtyňy şatlykly, täsirli, peýdaly geçirmekde hyzmatlaryň täze, ýokary hilli görnüşlerinden peýdalanmaklaryna zerur şertleri üpjün eder.

Polipropilen örtügini öndürýän kärhana bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy öňdebaryjy senagat döwletleriniň birine öwürmekde ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy çig mal serişdelerimiziň giň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy öňde durýan ilkinji wezipeleriň biri hökmünde kesgitleýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Şunda çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümler bilen ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak, daşarky bazarlara çykarylýan önümleriň möçberlerini düýpli artdyrmak baş maksatlaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap önümçilik desgalarynyň hatarynda mynasyp orun alan polipropilen örtüklerini öndürýän bu häzirki zaman kärhanasynyň işe girizilmegi netijesinde, ýurdumyz tebigy çig mal serişdelerini has çuň hem-de toplumlaýyn gaýtadan işleýän, şeýle-de olardan alynýan ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarýan döwletleriň hataryndaky ornuny öňküdenem pugtalandyrmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mynasyp nusgasyny görkezýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Umuman aýdanyňda, Hazaryň türkmen kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň hyzmatyna berlen iri möçberli binalardyr desgalar ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigini ýene bir ýola görkezdi. Türkmen halkyny şunuň ýaly ajaýyp zamananyň eýesi eden ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artyp, türkmen topragynyň bolçulygyň hem-de abadançylygyň mekanyna öwrülmegini «Döwlet adam üçindir!» diýen adyl taglymatynyň düýp özeninde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ykbal özgerdiji tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ýazpolat KERIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

24.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY