Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly ömür dowamlylygyny uzaltmak, bu pudakda halka edilýän hyzmatlary halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Ynsan saglygyny goramak, ilata berilýän lukmançylyk kömegini döwrüň talabyna laýyk guramak hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň özenini düzýär.
Dünýä giňişliginde saglygy goraýşy ösdürmegiň innowasion usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda ýurdumyzda ägirt uly işler geçirilýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ähli welaýatlarda, etraplarda hatda obalarda hem döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleri, saglyk öýleri açylyp, ilatyň saglygyny berkitmekde asylly işler alnyp barylýar.
Iliň saglygyny, halkyň bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri görýän Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş merkezi açyldy. Bu lukmançylyk merkezi sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap, iň kämil saglygy goraýyş enjamlary bilen abzallaşdyrylan köpugurly hassahanasyny, ýokanç keseller hassahanasyny hem-de lukmanlara, saglyk ulgamynyň işgärlerine niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny öz içine alýar.
Köpugurly hassahananyň baş binasynda gaýragoýulmasyz tiz kömek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemogializ, rengenologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksikologiýa, trawmotologiýa we ortopediýa, urologiýa, şeýle hem trawmotologiýa bölümleri, gan banky, barlaghana bar. Üç gatly binada bolsa 160 orunlyk ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi ýerleşdirilendir.
Ýokanç keseller hassahanasynyň esasy wezipesi ýokanç keselleri gysga wagtda anyklamakdan we bejermekden ybaratdyr. Bu bejergiler ygtybarly iň täze usullar arkaly amala aşyrylyp, ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni alar. Hassahananyň kesellerini takyk anyklamak üçin funksional we şöhle bilen anyklaýyş bölüminde keselleri anyklamakda ylmyň iň soňky gazananlaryny öz içine alýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň anyklaýyş enjamlary ornaşdyryldy. Hassahanada barlaghana barlaglarynyň ähli görnüşleri geçirilýär, olar adam bedeniniň ýaşaýşy üçin örän möhüm agzalarynyň we ulgamlarynyň gurluş we funksional taýdan häsiýetlendirilmeginde ýardam berýär.
Bu ýerde näsaglary gyssagly ýagdaýda ugratmak zerurlygy ýüze çykan halatynda lukmançylyk awiasiýasyny peýdalanmak üçin dikuçar meýdançasy hem bar. Ýörite aragatnaşyk ulgamlary bolsa lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmegini üpjün eder. Hassahananyň ýanynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýyş-durmuş babatynda ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň çäklerinde keselleriň ýüze çykmak howpuny aradan aýyrmak we işjeň bejergä mätäç näsaglary ýüze çykarmak hem-de olara kömek etmek üçin degişli çäreleri işläp düzmeklige, öz wagtynda amala aşyrmaklyga aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Gaýgysyz BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.
Ilatyň saglygy ýurduň baýlygydyr, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesinde ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň öňe sürülmegi halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eşretli günleriniň başlangyjy boldy.
Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda ynsan saglygy, adamlaryň ömrüni uzaltmak barada maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli welaýatlarda hem dünýä derejesine doly gabat gelýän iň häzirki zaman şypahanalary gurlup ulanylmaga berilýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasynyň binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny diýseň begendirdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Mary şäherinde çagalar hassahanasyny gurmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda gurlan bu hassahana öňdebaryjy enjamlar hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilipdir. Mary welaýatynyň körpelerine hyzmat etmäge niýetlenen täze saglygy goraýyş desgasynda çagalara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek, keselleri wagtynda ýüze çykarmak, dürli keselleriň öňüni almak we bejermek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Hassahananyň hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa we rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümlerinde zerur bolan enjamlar lukmanlaryň ygtyýaryndadyr.
Döwrebap çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça baş direktory Muhammet Al Huri bar.
Täze hassahananyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyz hem ýaşlar üçin eşretli, bagtyýar durmuşy peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Ahmet GURBANÝAZOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary-guramaçylyk bölüminiň müdiri.
“Nesil” gazeti,
21.07.2018ý.