Sportly Türkmenistan

Milli Liderimiz bedenterbiýäniň we sportuň ynsan durmuşyndaky ornuna ünsi çekip: «Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýmek bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş-durmuş esaslarynyň berk binýadyny goýdy. Şonuň üçin hem halkymyz iň oňat arzuw-umytlaryny hormatly Prezidentimiziň ady, onuň köpugurly tutumly işleri bilen berk baglanyşdyrýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna sagdynlyk sahawatyny eçilýär. Bu sahawat halka, aýratyn hem ýaş nesle sagdynlygy, bagtyýarlygy bagyş edýär. Çünki bu günki gün ýaşlar hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini bagtyýar durmuşyň baş şerti hökmünde kabul edýärler.

«Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýilýär. Sagdynlyk bolsa bagtly bolmagyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny görkezýär. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň raýatlary, aýratyn hem ösüp barýan ýaş nesiller köpçülikleýin sport bilen meşgullanýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek babatda ýaş raýatlara goldaw bermekde hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem özenini düzýär. Maksatnama laýyklykda ýurdumyzda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, bäsleşikleri geçirmegiň tejribesini ösdürmek, olaryň bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmaklaryna şertleri döretmek ugrunda birnäçe işler ýola goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýä we sporta uly üns bermegi netijesinde bu ulgamda taryhy ösüşler gazanyldy. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, döwrebap atçylyk sport mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär. Bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilip, uly sport ýaryşlary we dabaraly baýramçylyklar geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda giň gerim alýan sport çäreleridir ýaryşlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülmelidir. Yzygiderli beden maşklary, işe bolan ukyplylygy artdyryp, ynsany döredijilikli işlemäge höweslendirýär.

Döwlet Baştutanymyz dynç alyş döwründe hem ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi bilen bagly meseleleri ünsden düşürmeýänligi, şeýle hem yzygiderli sport bilen, döredijilik bilen meşgullanýandygyny «Watan» habarlar gepleşiginiň üsti bilen ählihalk bolup guwanç bilen synlaýarys we özümize görelde hökmünde kabul edýäris. Hormatly Prezidentimiziň döreden «Sportly Türkmenistan» atly täze aýdymyny agtygy Kerimguly bilen türkmen we iňlis dilinde ýerine ýetirenini eşidenimizde aýdyma hiňlenip sport hereketlerini edeniňi duýman galýarsyň. Bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz bütin dünýäde sportly Türkmenistan ady bilen abraýy barha belende galýar. Türkmen sportunyň bu günki üstünlikleri halkymyzyň her bir raýatynyň mähriban Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar.

Türkmen sportuny ýokary derejede ösdürýän, dünýä döwletleri bilen dostlukly we parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary berkidýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

19.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY