MAGTYMGULYNYŇ GOŞGULARYNDA SAGLYGYŇ SÖHBEDI

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden çen tutulanda söz sungatynyň zergäri hasaplanýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan şahyr şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. Pyragynyň çuňňur manyly şygyrlary kalba siňýär, ýüregiň töründen orun alýar, ruhy lezzet paýlaýar.

XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, ýagty geljegiň, ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze bir döwri bolupdyr. Şol sebäpli-de şahyr özüniň şygyrlarynda agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik, mertlik, batyrlyk ýaly ynsany bezeýän oňat gylyk-häsiýetleri ündew edýän parasatly pikirleri öňe sürüpdir. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragyher bir ynsanyň sagdyn pikirli bolmagy hem-de jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagtyýar günlerimizde wysal bolýar.

Akyldaryň ynamyna görä, durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerur diýip hasaplapdyr. Ol şonuň üçinem ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap şeýle diýipdir:

Saglygyň gadryny bilgil,

Hassa bolmazdan burun.

Şahyryň ummanlara deňelýän döredijiliginde çaganyň doglan pursadyndan başlap, sagdyn ösüşi, bedeniniň berkligi, on iki synasynyň abat bolmagy bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlary alyp bolýar. Muňa «Joşa ýetdiň» diýen şygryndaky:

Höküm eýledi bir Hudaý,

Dokuz sagat, dokuz aý.

On iki endam jaýba-jaý,

Süňgi ulaşa ýetdiň.

diýen setirleri aýdyň mysaldyr.

Magtymguly atamyzyň bu pikirleri halkymyzyň arasynda perzendiň dünýä inmegi bilen baglanyşykly «on iki synasy abat çaga bolsun» diýip, edilýän dilege örän gabat gelýär. Saba säheriň sergin we tämiz howasynyň adama edýän täsiri juda ýaramly bolýar. Irden turup işden dynmagy halaýan halkymyzyň asylly ýol-ýörelgesini çyn ýürekden goldan şahyr «Jan eglenmez» diýen goşgusynda:

Kimse säher turar irden,

Kimse baş götermez ýerden...

diýmek bilen, irden turup hereketde bolmagyň adamyň özüni ýeňil duýmagy, şähdiniň açyk bolmagy üçin ýaramly bolýandygyny nygtaýar. Şahyr ýaramaz endikleriň adamyň saglygyna zyýanlydygyny çuňňur manyly hem-de düşnükli äheňde beýan edýär. Munuň şeýledigine onuň «Çilimkeş» diýen goşgusyny okanyňda doly göz ýetirip bolýar.

Süňňiňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,

Bir nyşana budur sende çilimkeş!

diýmek bilen bu ýaramaz närsäniň sagdynlyga zeper ýetirip, dürli nähoşlamalara eltýändigini, çilimiň ajy tüssesiniň ynsan saglygyna wehim salýandygyny anyk aýdýar. Hakdan halatly dana Magtymguly Pyragynyň saglygyň gadyryny bilendigi örän hakdyr. Lukman ýaly dertlilere derman bolsaň diýen şahyr ömrüni ynsan saglygyny goramaga bagyş eden lukmanlaryň kärine hormat goýýar. Şonuň üçinem şahyryň şygryýet älemindäki saglyk baradaky paýhas ummany her bir ynsanyň köňlünde öz ornuny tapýar.

Kalba dury çeşme bolup dolýan, ruhy taýdan kuwwat berýän, sussupesligi aýyrýan, erkana ýaşaýşa ruhlandyrýan şygyrlar saglygyň çeşmesidir. Çünki adam üçin saglykdan gymmatly hiç hili baýlyk bolup bilmez. Şahyryň adamyň jan saglygy, ruhy baýlygy, ynanjy, ygrary, arzuw-umytlary baradaky pikirleri altyndan-da, zümerretden-de zyýada bolýar. Şonuň üçinem şahyryň kalplara dolan şygyrlary ömürboýy türkmeniň ýürek owazy bolupdyr, häzirem şeýle we şeýle-de bolar. Şahyryň ýaşan döwründen bäri ençe asyrlar çalşan bolsa-da onuň çeper goşgularynyň teşneleriniň sany barha artýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň mertebesi has-da belende galdy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şahyryň döredijiligine goýulýan hormat-sarpa hem belentliklere göterildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi, 2014-nji ýylyň akyldar şahyryň ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň döredilmegi, türkmen topragynda her ýyl akyldar şahyryň döredijilik toýunyň belentden tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen görnükli yz galdyran beýik şahsyýetleriň sarpasyny belende galdyrmakda edýän tagallalary rowaç bolsun! Ömri uzak, jany sag bolsun!

Sona ILMUHAMMEDOWA,

Aşgabat şäheriniň 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.

“Nesil” gazeti,

19.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY