Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diýlende, ilkinji nobatda, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, beden üçin peýdaly maşklary ýerine ýetirmek we kadaly iýmitlenmek göz öňünde tutulýar. Bu sanawyň üstüni zyýanly endiklerden saklanmak, ýaramaz daşky täsirlerden goranmak ýaly birnäçe şertler bilen ýetirmek mümkin.
Saglygy baş baýlygy hasaplaýan türkmen halky üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ilkinji alamatlary gadymy döwürlerden gözbaş alýan milli oýunlarda hem saklanyp galypdyr. Olarda dürli hereketleri ýerine ýetirmek arkaly beden hem aň işjeňliginiň we beýleki birnäçe peýdaly täsirleriň gazanylandygyny müňýyllyklaryň tejribesi subut edýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu asylly ýörelgäniň ähmiýeti biziň günlerimizde hem barha ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi, milli oýunlary we sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge berilýän üns munuň şeýledigine güwä geçýär. Galyberse-de, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň görkezýän şahsy göreldesi aýratyn bellenilmelidir.
Gahryman Arkadagymyzyň agtygy Kerimguly bilen bilelikde döreden «Sportly Türkmenistan» şygyr-aýdymy hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sport ösüşlerine, tebigatymyzyň gözelliklerine bagyşlanýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda uly özgertmeleri amala aşyrmak bilen bir hatarda, onuň halkara ähmiýetini wasp etmekde-de kämil görelde mekdebi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde sportuň ornuna aýratyn ähmiýet bermek bilen, şeýle belleýär: «Sport — bu sagdynlyk, sport — gözellik, sport — ýaşaýyş». Hakykatdan hem, sekuntsaýyn ösýän dünýäde ynsan saglygyny üpjün etmekde sporta barha uly ähmiýet berilýär. Bu dünýäde gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşup, oňyn başlangyçlaryny ilkinjileriň hatarynda goldaýan ata Watanymyz — Türkmenistan babatda hem şeýle. Geçen döwre ser salsak, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamasy», şu ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped gününiň geçirilmegi we beýlekiler sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda ädilen möhüm ädimlerdir.
Danalaryň birinde «Saglyk her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir» diýen jümle bar. Biziň ýurdumyzda bolsa, ynsan saglygyny üpjün etmek diňe ilatyň däl, eýsem, döwletiň hem iň ähmiýet berýän meseleleriniň biri. Özleri hakynda döwlet derejesinde edilýän bimöçber aladany duýup, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinýän türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir. Dünýä ýüzünde ynsanlaryň saglygyny we bagtyýarlygyny gorap saklamak ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Dürli SAPAROWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 12-nji orta mekdebiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
04.08.2018ý.