ÝAŞLAR — JEMGYÝETIMIZIŇ GELJEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar döwlet syýasatynyň islendik ugrunda alnyp barylýan işlere we döwlet derejesindäki çärelere işjeň çekilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Permany durmuş meýdanynda taplanan, paýhasly ýaşululara sala salynmagy, olara ýaş nesliň terbiýesiniň ynanylmagy türkmen jemgyýetiniň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir. Taryhyň dürli döwürlerinde, durmuşyň dürli pursatlarynda ýaşululara sala salmak, olar bilen geňeşmek, halk çözgüdini oňlamak, olaryň pähim parasadyndan çykýan gymmatly maslahatlary ýaş nesillerimizi durmuşda dogry ýola gönükdirmekde peýdalanmak hemişe oňat netije beripdir. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzda raýat jemgyýetini, hukuk we dünýewi döwleti berkarar etmäge, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň gülläp ösmegine şeýle hem, halkara abraýynyň artmagyna gönükdirilen demokratik institut hökmünde maslahata ýaş wekilleriň hem gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasatyna, ýaşlaryň durmuş goraglylygynyň üpjünçiligine, olaryň bilim derejeleriniň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa, ýaşlaryň kalbyny ruhlandyrýar, şol bir wagtda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda uly jogapkärçilik duýgusyny döredýär.

Milli ykdysadyýetimiziň jemi içerki önüminiň ösüşiniň ýeterlik derejede ýokary depginde saklanylmagy, dürli desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, obalarymyzyň, şäherlerimiziň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertleri gazanylan ösüşleriň netijeleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bu işleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber zähmeti, erk islegi, syýasy taýdan öňdengörüjiligi bar. Bu gazanylýan beýik ösüşler halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Geljekki Watan eýeleri bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleri döretmäge gönükdirilen işler bu toplumlaýyn ösüşleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini bagtyýar durmuşyň baş şerti hökmünde kabul edýärler. Ýurdumyzyň raýatlary, aýratyn hem ýaş nesiller köpçülikleýin sport bilen meşgullanýarlar. Bu goldawyň esasy ugurlaryny hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda görmek bolýar.

Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi boýunça alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar.

Durmuş ýeňillikleri we kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Şonuň üçin hem, esasy maksat ýaşlaryň durmuş goragynyň milli ulgamyny has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýaşlara döwlet goldawyny bermegiň esasy ugurlary: bilim, medeniýet we sungat çygrynda ýaşlara goldaw bermek; ýaş maşgalalara durmuş-ykdysady taýdan kömek bermek; ylym we tehnologiýalar ulgamynda, zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmek çygrynda ýaşlary goldamak, ýaş hünärmenlere goldaw bermek, ýaşlar telekeçiligini esaslandyrmak, saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýaş raýatlara goldaw bermek; ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryna, jemgyýetçilik-syýasy işine, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek.

Ýurdumyzda döwrebap kämil şahsyýeti kemala getirmekde esasy öňde goýulýan wajyp wezipeleriň biri hem olaryň ylym-bilim babatynda kämilleşmegine, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki döwletiň binýady, onuň berkligi ilki bilen ylymly-bilimli, öz kärine erk edip bilýän, geljekde döwleti dolandyrjak sowatly we ukyply ýaşlara, hünärmenlere baglydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň bilim giňişligi özünde umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalarynyň sazlaşykly yzygiderliligini üpjün edýän bitewi bir ulgamy emele getirýär.

Milli Liderimiziň ösüş-özgertmeleri bilim ulgamyndan başlamagy, orta, ýörite orta bilim berýän mekdeplerde we ýokary okuw bilim ojaklarynda maksatnamalarynyň halkara kadalara laýyk getirilmegine we ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna giň ýol açdy. Ylym-bilimi döwlet derejesinde goldamak barada ýörite maksatnamalar düzülip, olary ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Onuň şeýledigini ylmyň gazanan öňdebaryjy tehniki enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň Watanymyzyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup ulanmaga berilmeginde görmek bolýar.

Bilim ulgamyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 55-nji maddasynda «Her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýip berkidilen raýatlarymyzyň bilim almaga bolan hukuklarynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň biliminiň we hünär taýdan taýýarlygynyň dünýä derejesine çykarylmagy we ösdürilmegi, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýan zerur hünärmenleriň döremegine giň mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi bilen döwletli nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde netijeli we belent sepgitli wezipeler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda, ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ilatyň, hususan hem, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýaş nesli sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti ýetişdirmäge gönükdirilen işler Maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Halkyň saglygyny has-da berkitmek işleriniň netijeliligi barha ýokarlanýar. Durmuşa geçirilýän bu çäreleriň netijesinde adamlaryň aňynda sagdyn durmuş ýörelgesi barada täze düşünjeler kemala gelýär. Bu bolsa ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkemegine ýardam edýär.

Aziza HANMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

07.08.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY