BAGTLY ÇAGALYGYŇ ÝURDY

Şu günden başlanýan ertir ýa-da çagalarymyzyň we ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi hakynda

Irki döwürlerden bäri halkymyz nesil terbiýesinde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Olary päk ahlaga, watansöýüjilige gönükdiripdirler. Müňýyllyklardan gaýdýan bu ýörelgeler bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň jemgyýete sazlaşykly goşulmagyny gazanmak üçin kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bagtyýar ýaşlar dünýäniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bilim ojaklarynda — orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim alýarlar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň diňe bir talabalaýyk bilim almaklaryny gazanmak ýa-da iş orunlary bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň tassyklanan Meýilnamasy hem döwletimizde ýaşlara nä derejede üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Ynsan saglygyýurduň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin türgenleşik zallary we meýdançalar diýseň köp. Bu bolsa olarda sporta bolan söýgini artdyryp, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmäge höwes döredýär.

Güneşli Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujagyny giňden açýar. Çagalarymyzyň şadyýan dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin sapaly Gökderede, ajaýyp Awazada we welaýatlardaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, mekdepleriň ýanyndaky döredilen meýdançalarda dynç alyş üçin ähli şertler döredilen.

Şadyýan dynç alýan çagalaryň dynç alyş möwsümini has-da täsirli geçirmekleri üçin Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bäsleşiklerdir wagyz-nesihat duşuşyklar hem-de aýdym-sazly çäreler yzygiderli geçirilýär. Elbetde, bularyň ählisi çagalaryň dostlaşmagy, olarda watansöýüjiligi, dogruçyllygy kemala getirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle merkezlerde dynç alyp, saglyklaryny berkidýän bagtyýar nesillerimiz täze hyjuw, uly ruhubelentlik bilen täze okuw ýylyna gadam basarlar.

Mekdep okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl yglan edilýän ylmy-taslama we döredijilik bäsleşikleri täze zehinlileri ýüze çykarmaga uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiziň aladasyny şu günki nesilleri mynasyp terbiýelemek bilen berk baglanyşdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar Watanymyzyň güýç kuwwaty, abraý mertebesidir» diýip ýüzlenmek bilen, olara Watanyň, il halkyň ykbalyna dahylly işlerde päkgöwünlilik bilen zähmet çekmegi ündeýär. Çünki Watanymyzyň bagtyýar geljegi, ak ertirleriniň hatyrasyna halal zähmet çekmek biziň ýaşlarymyzyň esasy maksady we mukaddes borjy bolmalydyr.

Ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän maslahatlardyr duşuşyklara gatnaşyp, ýurdumyzyň at-abraýyna mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine, ýaşlaryň durmuşyna degişli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň maý aýynda milli Liderimiziň çakylygy boýunça doganlyk Özbegistanyň dürli sebitlerinden — Garagalpagystandan, Buhara, Nowaýy, Horezm welaýatlaryndan bolan çagalaryň 100-e golaýy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagy hem türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy.

Gojaman Hazaryň goýnunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly geçiriler. Onuň çäklerinde bolsa zehinli çagalaryň «Awaza — dostluk mekany» atly VI halkara festiwaly hem geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň 31-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde okuwçylaryň bu medeni-sport forumynyň esasy maksadynyň ösüp barýan nesliň üsti bilen Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we ynanyşmagy berkitmekden, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmekden, beden we ruhy taýdan sagdyn çagalary kemala getirmekden hem-de olaryň ukyplaryny açmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdygyny belledi.

Ýurdumyzy şadyýan çagalygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza ýaş nesilleriň alkyşlary çäksizdir.

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

09.08.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY