Ýurdumyzda döwlet ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we Durnukly Ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 2-nji awgustynda gol çeken Karary esasynda 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçiler. Bu möhüm ekologiýa çäresiniň çäginde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, şeýle hem çagalaryň arasynda Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan surat çekmek we amaly-haşam işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşikleri geçirmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň «Nusaýdan Dehistana çenli» diýen bölüminde Hazar deňziniň täsin tebigy gözellikleri, onuň baýlyklary hakda söz açyp, şeýle ýazýar: «Deňiz hem edil Garagum çöli, täsin tebigatly daglarymyz ýaly ata-babalarymyzyň tapylgysyz rysgal çeşmesidir. Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan işleri sosial-ykdysady ösüşe we daşky gurşawyň goralmagyna degişli, Hazaryň, umuman bu bereketli ülkäniň tebigy resurslaryny aýawly saklamak we artdyrmak bilen bagly meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmeginde öz beýanyny tapýar». Milli Liderimiziň bu jaýdar aýdýan sözleri döwletimiziň ýurtda we Hazar deňiz sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge näderejede uly ähmiýet berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ynsanyň gözlegi hemişe gözellik. Çünki gözellik, onda-da tebigat gözelligi ynsana aýratyn güýç-kuwwat, ylham berýär, ony ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň çuňňur yhlasy bilen häzirki döwürde eziz Watanymyzyň ähli ýerinde taýsyz gözellikler jemlendi. Bereketli tomus paslynda gojaman Hazar deňziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren ajaýyp desgalary — «Awaza» şypahanasy we Awaza akwaparky hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerinde dürli bezeg agaçlardan we gyrymsy ösümliklerden, hemişe ýaşyl öwsüp oturan otlardan, owadan güllerden döredilen gözellik ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygyň näderejede bolmalydygyny görkezýän nusgalyk gözelliklerdir.
Ýeri gelende bellesek, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Ýagny, bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşleriniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzünde diňe Hazar deňzinde duşýar. Hazarda suwotularyň 450-den hem gowrak görnüşi, suwuň dürli gatlaklarynda ýüzüp ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň bolsa, 400-e golaý görnüşi mesgen tutupdyr.
Hazar deňzinde we oňa gelip guýýan derýalaryň aýak ujunda ýaşaýan balyklaryň görnüşleriniň we kiçi görnüşleriniň umumy sany 120-den gowrak hasap edilýär. Olaryň arasynda dürli ekologik toparlara degişli görnüşleriň bolmagy Hazaryň balyk baýlygynyň juda özboluşlulygyndan habar berýär.
Hazar deňzi balyk tutulýan we däp bolan balykçylygyň ösen ýeri hökmünde hem meşhurdyr. Bu ýerde ýakyn geçmişde hem deňizden tutulýan balyklaryň arasynda esasy orun örän tagamly takgazlara degişli bolupdyr. Emma bu ýerde bekre balyklarynyň ýa-da gyzylbalyklaryň tutulmagy ägirt uly ähmiýete eýe bolan. XX asyryň başlarynda Hazardan bekre balyklary tutulyp, olardan gymmat bahaly gara işbil we beýleki balyk önümleri taýýarlanypdyr. Häzire çenli hem Hazar deňzinde gyzylbalyklaryň dünýäde iň uly tebigy sürüsi ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Hazar deňziniň türkmen kenarynda — Türkmenbaşy etrabynyň çäginde döwrebap «Hazar balyk» önümçilik kärhanasynyň gurulmagyny we onda bekre balyklaryny emeli usulda köpeltmegiň ýola goýulmagyny görkezmek bolar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş zolagy bolman, eýsem, ol daşky gurşawyň gözelligini goramakda, onuň baýlygyny artdyrmakda we amatly daşky gurşawa oňyn täsir etmekde hem uly ähmiýete eýedir. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ilkinji tapgyrda Awazanyň tokaý zolaklarynyň umumy meýdany 360 ga barabar boldy. Ol ýerde häzirki wagta çenli ýüz müňlerçe agaç nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek çärelerine gatnaşmak arkaly şahsy görelde görkezýär hem-de daşky gurşawyň ekologiýa taýdan abadançylygynyň meselelerine yzygiderli üns berýär. Daşky gurşawyň talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi desgalaryň gurluşygynyň buýrujylaryna bagly bolşy ýaly, ony ýerine ýetirijilere hem bildirilýän baş talaplaryň biri bolup durýar. Gysga döwrüň içinde bu syýahatçylyk zolagynyň çäkleri giňeldilip, onuň meýdany 5 müň ga çenli artdyryldy. Ol ýerlerde gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri işjeň alnyp barylýar.
Häzirki döwürde Awazada ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Ýöne munuň özi, möçberi we göwrümi boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamany amala aşyrmaga ädilýän ilkinji ädimlerdir. Şeýlelik bilen, kalplary joşdurýan, üýtgeşik owazly tolkunlaryň mekanyndaky ajaýyp sazyň ilkinji kakuwlary ýerine ýetirilýär. Ýakyn geljekde ajaýyp Awazanyň owaza beslenen aýdymlary has belentlerden ýaňlanar.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar, jahankeşdeler üçin amatly şertleri döretmek we howanyň üýtgän ýagdaýynda täsirleri gowşatmak maksady bilen bagy-bossanlyga öwürmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleri giň möçberde dowam etdiriler.
Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has arassa zolak hasap edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň ahyrky maksady bolsa, sebitiň şypahana-sagaldyş mümkinçiliklerini herekete getirip, bu zolagy «şypahanaçylygyň dürdänesine» öwrüp, bu ýerde halkara syýahatçylyk merkezini kemala getirmekden ybaratdyr. Taslamanyň esasy talaplarynyň biri hem, deňiziň kenar ýakasynda gurulýan ähli desgalarda daşky gurşawyň howpsuzlygyna bildirilýän talaplaryň hökmany suratda berjaý edilmegidir.
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň biri — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününiň uly dabaralara beslenjek gününde çagalaryň arasynda gözel tebigata bagyşlanan surat çekmek we amaly-haşam işlerini taýýarlamak boýunça guraljak bäsleşikler uly ähmiýete eýedir. Bu bäsleşikler bagtyýar çagalarymyzyň döredijilik zehinini açmaga, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesilde eziz Watanymyzyň gözel tebigatyna söýgini we buýsanjy, ekologiýa medeniýetini terbiýelemäge ýakyndan ýardam eder.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa taýdan arassa, çägeli kenarýakasy, häzirki zaman kaşaň myhmanhanalary, ajaýyp sagaldyş-sport toplumlary hem-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bolan Hazaryň deňiz ýakasyndaky gözel «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak dabara deňziň täsin tebigy ekoulgamyny gorap saklamak we onuň biologik baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, sebitde parahatçylygy we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazar deňzini dost-doganlyk deňzine öwürmek babatynda durmuşa geçirýän nusgalyk ynsanperwer we ekologiýa syýasatynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.
Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.
“Nesil” gazeti,
11.08.2018ý.