HAZAR — DOSTLUK DEŇZI

Ine-de, Aktau şäheriniň «Halk Assambleýasy» binasynda, resmi dilde «Dostluk» atlandyrylýan köşkde Hazar deňziniň geljegi hakdaky taryhy resminamalara gol çekildi. Şol pursat göwnüňe bolmasa, dört kenarynda 250 million çemesi ilat ýaşaýan goja deňziň tolkunlary dostluk heňini çalýan deýin duýgy döreýär.

Hazaryň kenaryna jähek bolup oturan ýurtlaryň Baştutanlarynyň bu taryhy waka bilen bagly aýdýan pikir-garaýyşlary metbugat beýanatynda has aýdyň röwüşlendi.

Gazak topragynda bolýan şeýle tolgundyryjy, onlarça milletleriň nesilleriniň geljegine gönüden-göni täsir etjek wakany bu ýurduň Baştutany Nursultan Nazarbaýew tüýs ýürekden mübärekledi.

Tas çärýek asyra çeken diplomatik, syýasy gepleşiklerden, çekişmelerden, pikir-garaýyşlardan soň bu gün Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky meselä gutarnykly nokat goýuldy. Bize hem-de biziň nesillerimize kabul edilen çözgütler babatda uly, diýseň jogapkärli işler garaşýar. Konwensiýanyň kabul edilmegi taryhy, geljekki ösüşlere has giň badalga berjek wakadyr.

«Dostluk» köşgünde biziň döwrümiziň dostanalygynyň, ynanyşylmagynyň, içgin hyzmatdaşlygynyň simfoniýasyny ýada salýan taryhy pursada şaýat bolýarys.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnama; Hazar deňzinde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama; Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga; Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda ylalaşyga; Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşyga; Hazar deňzinde Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket etmegi hakyndaky teswirnama gol çekilendäki pursat, gör, nähili tolgundyryjy, ýatda galyjy!

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti boýunça degişli maglumat hem kabul edildi.

Ine, şol taryhy waka şaýat bolup durkaň, biygtyýar halda «Hazar dostlugyň, ynanyşmagyň deňzidir, Hazar bitewüligiň sallançagydyr» diýeniňi duýman galýaň. Şol bir wagtda-da, gök tolkunlaryň owazy deýin süýji arzuw-hyýallara maýyl bolýaň.

Hazaryň tebigy, esasanam, balyk baýlyklaryny goramakda, rejeli ulanmakda, şeýlelikde, geljekki nesillere ýeterlik mirasyny goýmakda Hazarýaka ýurtlara uly jogapkärçilik hem mydamalyk borç düşýär.

Hazar — suwüsti gatnaşyklaryň, söwda flotiliýasy boýunça ykdysady ösüşleriň deňzi.

Hazar — ulag-üstaşyr geçelgeleriň deňzi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň häsiýetlendirişi ýaly, bu gol çekilen ylalaşyk anyk aýdanda, Hazaryň howpsuzlygy, abadanlygy hakdaky kepildir. Bu deňziň kenarlarynda köp halklar ýaşaýar, olary Hazaryň kenarlary aýrylaşdyrmaýar-da, eýsem birleşdirýär.

Hazaryň tebigy baýlyklaryny ekologiýa taýdan abadan, esewan ulanmak örän möhümdir.

Bu deňziň kenaryndan «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň täze ugurlarynyň çekilmegi dost-doganlygy berkider, ykdysady hyzmatdaşlygy giňelder.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani öz çykyşynda Hazar deňziniň kenarlarynyň abadançylygyň, ösüşiň çäkleri bolmalydygy hakdaky pikiri nygtady. Bu deňziň ykbaly onuň kenaryndaky ýurtlaryň elinde bolmalydyr. Ol halklary bolsa abadançylyga, ösüşe bolan islegler birleşdirýär. Hazar ine, şeýle ýagşy niýetleriň ilerlemegine, amala aşmagyna hyzmat etmelidir.

Hazar syýahatçylygyň, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmagyň, gämi gatnawyny ösdürmegiň deňzi bolmalydyr.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa bu günki wakany Hazarýaka döwletlerini bir umumy maksada-parahatçylyga, abadançylyga, ykdysady ösüşe, ekologik howpsuzlyga bolan ägirt uly islegini has jebisleşdirýän sene hökmünde häsiýetlendirdi.

Hazar deňziniň umumy ýagdaýyna, esasanam geljegine niýetlenen taryhy resminamanyň kabul edilmegi ilkinji nobatda ynanyşmaga, umumy howpsuzlyga, parahatçylygyň synmaz binýadynyň kepiline öwrülmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy many-mazmun, pikir-garaýyş taýdan has uly täsir galdyrdy.

Tutuş dünýäde diýseň täsin hem ummasyz baýlykly suw giňişligi hasaplanýan Hazaryň terjimehalyna ajaýyp waka ýazylýar.

Doganlyk gazak topragynda ähmiýeti babatda taryhy, juda wajyp resminama gol çekildi. Hazaryň hukuk ýagdaýy babatda Türkmenistan elmydama pozitiw garaýyşlara eýerip, döwrelaýyk teklipleri öňe sürüpdi. Hazar ynanyşmagyň deňzi bolmalydyr. Biz nesillere diňe nusgalyk işleri, unudylmaz başlangyçlary miras goýmalydyrys.

Hazar deňzi ulag-logistiki çatrygyň hakyky altyn halkasyna öwrülmelidir. Şeýlelikde, bu deňziň kenarlarynda biz gadymy hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmelidiris.

2019-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine ünsi çekip, milli Liderimiz munuň düzüminiň hem-de gün tertibiniň juda giň boljakdygy jähtinden, ylaýta-da köptaraplaýyn ykdysady gepleşikleri geçirmek üçin hemişelik çärä öwrüljekdigi nukdaýnazaryndan ony yzygiderlilik ýagdaýyna öwürmegi hem-de bu duşuşygyň ilkinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Buşluk, gadymy kitaplarda, köne golýazmalarda, jahankeşdeleriň, derwüşleriň dillerinde, dürli eýýamlara degişli ýazgylarda, aýdymlarda, gazallarda... ady ýüzlerçe görnüşde tutulsa-da, ahyrsoňunda Kaspi, Hazar atlary Älem içinde ýörgünli goja deňze biziň döwrümiz gutarnykly manyda, doly esasda syýasy-hukuk kesgitlemesini berdi. Bu juda buýsandyryjy hem-de çyn ýürekden mübäreklärlikli wakadyr.

* * *

Ak bulutlaryň astyndan Hazaryň geriş-geriş gök tolkunlaryny synlamak hyýal atyňy ataryp goýberýär.

Anyk maglumatlara, bilermenleriň takyk kesgitlemesine görä, Hazar ýakasy tebigy baýlyklary babatda tutuş dünýä boýunça Pars aýlagyndan soň ikinji ýerde durýandyr.

Anyk mysala ýüzleneliň! 2000-nji ýylda Hazar deňziniň demirgazyk böleginde, Mangystau oblastynyň çäginde açylan «Kaşagan» ýatagynyň hasaplamalara görä, 6 milliard tonna «gara altyn» gory bar. Ol soňky 40 ýylyň içinde açylan iň uly nebit ýataklarynyň biridir. Bu ýerde «Norin Сaсpian Company (NCOC)» bilelikdäki halkara kärhanasy önümi bölüşmek esasynda işleýär.

Hazaryň günbatar-demirgazyk böleginde, Atyrau şäherinden 350 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän «Tengiz» ýatagynda geologlar 3,1 milliard möçberdäki nebitli gory açdylar. Şeýle hem ugurdaş tebigy gazyň milliardlarça kubmetri bar. Häzir ol ýerde bilelikdäki konsersium mineral baýlygy senagat taýdan özleşdirýär.

Hazar deňziniň biosfera hazynasy hem deňsiz-taýsyzdyr. Ýekeje delil! Älem içindäki hiç bir deňizde Hazaryňky ýaly ýod, onda-da ynsan saglygy üçin tüýs tenekar, onlarça derdiň dermany bolan bugarýan ýod gatlagy ýokdur. Lukmanlar häzir bütin dünýäde ýod ýetmezçiliginden ejir çekmek hadysasynyň howsala salýandygyny aýdýarlar. Türkmenistan bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hazar deňziniň kenarynda ýoduň senagat önümçiligine niýetlenen kärhanalary gurdy hem-de gurýar.

Siz barha gözelleşýän binalarynyň hatary artýan Awaza baryp, saba-säher çagy deňziň kenarynda durup, dem alyp görüň! Demligiňiz giňelip, göwräňiz gamaga dönüberer. Ine, Hazar ýodunyň gudraty!

Hazaryň balyk baýlygy hakda-ha gürrüňem ýok. Indi ol baýlyklardan peýdalanmak, senagat önümçiligini has giňeltmek, şol bir wagtda-da tohumyny, görnüşlerini, goruny köpeltmek meseleleri has oňaýly bolar. Sebäbi her döwletiň öz kenaryndan 25 deňiz mili uzaklykda balyk awlamaga hukugy, şol bir babatda bu baýlyga aýawly, rejeli çemeleşmek, ony diňe bir goramak bilenem çäklenmän, eýsem köpeltmek borjunam artdyrýar.

Ine, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary bir jem-bir el bolup Hazara ýaşajyk bekre balyklaryny goýberenlerinde ýokarky pikirler ýene sere doldy. Göwnüňe bolmasa, şonda bir-birini kowalaýan tolkunlar bu şatlygy ähli kenarlara ýetirmäge howlugýana meňzeýärdi.

* * *

Aktaudan ak uçar gijöýlän göterildi. Sähel salymdanam asman gümmezinden Garabogaz aýlagy göründi.

Hazaryň nijeme eýýamlardan bäri ady Äleme dolan goly!

Tutýan meýdany 18 müň inedördül kilometre barabar bolan bu täsin aýlag Türkmenistanyň esasy himiýa, çig mal hazynasy hasaplanýar. Sebäbi Garabogaz aýlagynyň düýbünde Mendeleýewiň periodik sistemasyna girýän elementleriň 60-a golaýy ýatyr. Hut şol sebäpdenem Ýer ýüzüniň alymlary Garabogazy bireýýämlerden bäri «Dünýäniň gözi gidýän hazynaly köl» diýip atlandyrýarlar.

Garabogazyň düýbündäki baýlyklar nebiti gaýtadan işleýän hem-de himiýa senagaty üçin diýseň gerekli, dünýä bazarynda altyn pula durýan çig mal serişdeleridir.

Hazar kenary nebitdir gazyň, mineral serişdeleriň beýleki onlarça görnüşleriniň abyrsyz gorlaryny gujagynda göterýär.

Iň esasam, Hazaryň çal tolkunlarynyň Garagumuň tyllaýy çägeleri bilen sepleşýän künjeklerinde dürli görnüşli duzlaryň egsilmez baýlyklary bar. Garabogaz köli bolsa dünýäniň iň seýrek duz känleriniň biridir.

Beýle geň-enaýylyga sered-ä! Garabogazdan alynýan çig malyň öwezini wagtyň geçmegi bilen tebigatyň özi dolýar. Ýagny, bärde has şor deňiz suwundan alyp, her ýyl uly möçberli duzuň goruny döredýär. Aýlag bolsa altynly huma meňzeýär. Bärde ylmy dilde aýdanda, natriý, magniý sulfatlary, mirabilit, glauber, bişofit duzy, ýod, brom ýaly dünýäde seýrek minerallaryň ummasyz gorlary bar. Bu maddalar türkmen tomsunyň jöwzaly yssysynda suwuň güýçli bugarmagy hem-de tebigy şertlerde maddalaryň özboluşly çylşyrymly birleşmeleri netijesinde döreýär diýip, ylym kesgitli aýdýar.

Garabogazkölaýlagynyň tebigy baýlyklary alymlardyr hünärmenleriň takyk aýdyşlaryna görä, senagat önümçiliginiň onlarça görnüşi üçinem, iýmit senagaty üçinem, saglygy bejeriş zerurlygy üçinem... iňňän zerur. Şeýle bolansoň, dünýäniň köp ýerleriniň senagatçylarydyr işewürleri esasan magniý maddasyny işläp çykarmaga gyzyklanma bildirýärler. Bu ýerdäki çig maldan önjek magniý metaly hil taýdan iň soňky dünýä ülňülerine gabat geler. Häzirki ösen dünýäde magniý metaly esasan dürli görnüşli uçarlary ýasamakda iňňän zerur materialdyr.

Hazar kenaryndaky Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gaty ýakyn wagtda işe giriziler.

Gök tolkunlaryň tyllaýy çäge bilen sepleşýän künjegindäki senagat toplumynda bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler.

Bu kärhanada öndüriljek önümler tutuşlygyna daşarky bazarlara ugradylyp, şeýlelikde, ýurduň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňelder.

Hazaryň gujagy hem-de deňziň kenary, oňa golaý ýerler tebigy täsinlikleriň jemlenen mekanydyr.

Hazar deňziniň, onuň kenarýakasynyň ösümlik dünýäsiniň bejerijilik-rahatlyk berijilik häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny lukmanlar nygtaýarlar. Hazar deňzinde ösümliklerden deňiz suwotulary — gögümtil-ýaşyl, diatomly, gyzyl, gyzylymtyl goňur we beýlekiler agdyklyk edýärler.

Düzüminde beloklary, uglewodorodlary, lipidleri, ýokary molekulýar ýag kislotalaryny, mineral duzlary, mikroelementleri, witaminleri we beýleki biologiki birleşmeleriň köp mukdaryny özünde saklaýan deňiz suwotularyny lukmançylygyň dikeldişe ugrukdyrylan çäginde ulanmak diýseň ähmiýetlidir. Deňiz tolkunlary her günde kenara birnäçe tonna suwotularyny çykarýar. Deňiz suwotulary ajaýyp kosmetiki önüm hökmünde bellidir.

Häzirki wagtda her ýylda Hazar deňzi Garabogaz kölüne 8-10 kilometr kub suw we takmyndan 150 müň tonna duzy guýýar. Şol duzlary adamyň saglygyny berkitmekde ulanmaklygyň ähmiýetlidigi bilen baglylykda häzir döwlet derejesinde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.

Garabogaz kölüniň demirgazyk böleginde ýerleşýän meýdany 3 inedördül kilometre ýetýän köpsanly geljegi uly bolan duzly-palçykly köller bar. Garabogaz kölüniň kenarýaka duzly-palçykly kölleriniň amatly ýerleşişi hem tüýs «Taňry eçilen eşret» diýilýänidir. Olaryň käbirleri deňziň kenarýakasyndan 1-2 kilometrden daş däl. Şeýlelikde, bu sebitde palçyk bejergisi bilen bir hatarda howa bejergisini, şeýle-de sagaldyş-dynç alyş şertli şypahana toplumlaryny döretmäge laýyk şertleri tebigat eçilipdir.

Lukmanlaryň takyk aýdyşy ýaly, duzly-palçykly köllerde suwuň düzümi köpdürlüdir. Deňiz duzlary — iň giň ýaýran, diýseň islegli kosmetiki önüm hasaplanýar.

...Uçar pessaýlap başlady. Hazar deňzi hakdaky pikirler bolsa onuň özi ýaly giň, köpöwüşginli. Şonuň üçinem bu keremli-keramatly, baýlykly-bereketli, bu gün bolsa hakyky dostlugyň, mizemez hyzmatdaşlygyň, geljekki nesilleriň bagtyna binýat boljak ekologik abadançylygyň, hemişelik howpsuzlygyň, ykjam ykdysady gatnaşyklaryň, garaz, ähli gowulyklary gujagynda jemlejek deňziň täze terjimehalyna «mübärek bolsun!» diýýäris.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

Aşgabat — Türkmenbaşy — Aktau — Aşgabat.

11-12.08.2018.

“Nesil” gazeti,

16.08.2018ý.

Meňzeş habarlar