AWAZADA HALKARA FORUM GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagynyň aýdyň nyşany boldy. Biziň ýurdumyzda geçirlen halkara çäreleriň hatarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda hemişelik bitaraplyk ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýan bu halkara forumy, diňe bir ýurdumyzyň diplomatik abraýynyň beýgelmegine däl, eýsem halkara gatnaşyklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşdy. “Awaza” forumyna dünýäniň dürli künjeklerinden dürli ugurlaryň wekilleriniň gatnaşmagy Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik ýolunyň giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Forumyň barşynda halkara dialoguň ösdürilmegi, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, energetika, ulag ulgamy we medeni diplomatiýa ýaly ugurlar boýunça möhüm çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygy bellenildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” geçirilen bu forum diňe bir halkara gatnaşyklaryny ösdürmän, eýsem dünýäde parahatçylykly, durnukly we adalatly geljegiň binýadyny berkitmäge goşant goşdy.

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 17 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

13 Awgust 2025 | 16 okalan

ARMYT BARADA

13 Awgust 2025 | 22 okalan

SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY