Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz Gyrgyz Respublikasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy we bu geçen döwrüň içinde dostlukly hyzmatdaşlygyň saldamly halkara-hukuk binýady döredildi.
Gyrgyz Respublikasy ajaýyp tebigata eýedir we ol demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen araçäkleşýär. Bu daglyk ýurduň üçden iki bölegini gözelligi bilen meşhur Týan-şan daglary tutýar. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikaka kölünden soňra dünýäde ikinji dag kölüdir. Oba hojalygynda bagbançylyk, ekerançylyk we maldarçylyk ösendir, şeýle hem ýüpek, pagta, gök we bakja önümleri köp öndürilýär. Ýurtdaky dag-magdan we reňkli metallaryň gorlary senagatda esasy orun eýeleýär.
Paýtagty Bişkek şäheri ýurduň syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolup durýar. Döwlet dili gyrgyz dili bolup, ondan başga-da rus dili resmi dil hökmünde ulanylýar. Pul birligi bolan som söwda-ykdysady dolanyşykda öz ygtybarly ornuny eýeleýär. Gyrgyz Respublikasy halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG, ÝB, YHG, ÝHHG ýaly guramalaryň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar.
Gyrgyz halk edebiýatynda «Manas» eposynyň örän uly orny bardyr. Bu halk döredijiliginiň eseri örän dowamly beýan edilýän eserdir we ol gyrgyzlaryň özboluşly medeni-ruhy we taryhy ensiklopediýasy hökmünde hasaplanýar. «Manas» eposynda gyrgyzlaryň milli däplerini we ruhy gymmatlyklaryny, beýleki halklar bilen gatnaşyklaryny görmek mümkindir.
Gyrgyz edebiýatynyň iň beýik wekili Çingiz Aýtmatowdyr. Onuň iň meşhur eserleri bolan «Ilkinji mugallym», «Jemile», «Ak gämi», «Ene toprak», «Elwan ýaglykly serwim», «Asyrdan hem uzaga çeken gün», «Haçan daglar ýykylanda» ýaly we beýleki nusgalyk döredijiligi bütindünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.
Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky dostlukly gatnaşyklar, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär. Biziň döwletimiziň 2014-nji ýylda Bişkek şäherinde ilçihanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işi üpjün etmekde möhüm ädim bolandygyny bellemek bolar.
Iki dostlukly döwlet abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde özara goldaw bermek esasynda utgaşykly hereket edýärler. Hususan-da, Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny baradaky» 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky kabul eden Rezolýusiýalaryna we 2014-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti» atly Rezolýusiýasyna Gyrgyz Respublikasy hem awtordaş bolup çykyş etdi.
Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň möhüm bölegini medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar düzýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni we döredijilik toparlarynyň birek-birege gurnaýan saparlary, sungat festiwallary, dürli sergiler we beýleki çäreler oňat däbe öwrüldi. Hususan-da, 2015-nji ýylyň maý aýynda geçirilen Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleri iki halkyň dost-doganlyk taryhynda aýratyn sahypa bolup ýazyldy. Bu bolsa türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň has-da kämilleşmegine özboluşly goşant goşup, iki dostlukly halkyň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň mazmunyny täze öwüşgin bilen baýlaşdyrdy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligine Abdylas Maldybaýew adyndaky Gyrgyz milli opera we balet akademiki teatrynyň sungat ussatlarynyň gatnaşandygyny bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiziň uly ähmiýet berýän ugurlarynyň hatarynda sport we syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna hem esasy orun degişlidir. Hususan-da, 2014-nji ýylyň sentýabrynda dostlukly ýurtda geçirilen bütindünýä çarwa oýunlaryna türkmen türgenleriniň hem gatnaşandygyny bellemelidiris. Şeýle hem 2014-nji ýylyň aprel aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Aziada — 2017-niň tagamlary» atly halkara okuw maslahatyna gyrgyz aşpezleri gatnaşdylar we öz halkynyň milli tagamlaryny görkezdiler.
2015-nji ýylyň 27-nji maýynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan we ýurduň Medeniýet, syýahatçylyk we maglumat ministrliginiň goldamagynda «2015-nji ýyl: Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» temasy bilen çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bäsleşigi ýaş suratkeşler, mekdep mugallymlary, sungat işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan gyzgyn garşy alyndy, bu bolsa türkmen we gyrgyz halklarynyň arasyndaky dostluk köprüsiniň ýene bir özboluşly alamaty boldy.
Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary barha berkleşip dostlukly hyzmatdaşlygyň uly geljege gönükdirilen ugurlary boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berýär. Biziň ýurtlarymyzyň barha ösýän netijeli gatnaşyklary geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça netijeli hereket etmegiň berk binýady bolar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
“Nesil” gazeti,
16.08.2018ý.