TARYHY ÄHMIÝETLI HALKARA EKOLOGIK RESMINAMA

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylymyzyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň boljakdygy hem-de bu möhüm halkara çärä milli Liderimiziň gatnaşjakdygy barada habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň dürli döwletleri, ilkinji nobatda hem goňşy ýurtlar bilen deňhukukly we dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek milli Liderimiziň ýurt Baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Hazarýaka döwletleri bilen dost-doganlyk we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda kabul eden Karary bilen tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» şeýle nygtalyp bellendi: «Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak örän möhüm meseledir. Hazar deňzi sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we ibermegiň örän iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde çalt depginler bilen ösýär. Bu şertlerde Türkmenistan umumy wezipäni çözmegi — energetika pudagynda hakyky ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň hakyky şertlerini Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak zerurlygy bilen utgaşdyrmagy, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmazlygyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar».

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçen taryhy duşuşykda örän möhüm ähmiýetli resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Bu resminama Hazar deňzi sebitinde uzak möhletli köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge ýardam etjek binýatlaýyn hukuk resminamasydyr. Şeýlelikde, sebitiň şu günki we geljekki ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan iňňän möhüm we aýgytly ädim ädildi. Eger-de Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde möhüm resminamalaryň 7-sine gol çekilendigini nazarda tutsak, onda munuň özi Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelerde örän möhüm ädimleriň ädilendigini aňladýar.

Uzak ýollary geçmek ädilýän ilkinji şowly ädimlerden başlanýar. Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamaga we onuň gutarnykly nusgasyny ylalaşmaga çärýek asyra golaý bolan uzak wagty sarp etmeli boldular. Hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde eden çuňňur mazmunly taryhy çykyşynda bu barada aýratyn durup geçmek bilen, şeýle belledi: «Birnäçe ýyllaryň dowamynda dürli ulgamlardaky ýokary hünärli, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almaga taýýarlykly ilçiler, hukukçylar we bilermenler bu resminamany taýýarlamaga gatnaşdylar. Hazarýaka döwletleriniň syýasy erki we ýokary jogapkärçiligi umumy üstünlik gazanmagymyzyň aýgytlaýjy şerti boldy».

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň üstümizdäki ýylyň 31-nji iýulynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň esasynda Hazar deňzi boýunça wajyp meseleleriň köpüsini çözmegiň mümkin bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylda eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. Şonda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk-hukuk guraly kesgitlenildi. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti şol guramaçylyk-hukuk guralynyň iň ygtybarlylarynyň biri hökmünde saýlanylyp alyndy. Şeýle hem, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça daşary işler ministrleriniň derejesinde Ýörite iş toparyny döretmegiň zerurdygy baradaky karara gelindi. Geçen 22 ýylyň dowamynda şol Ýörite iş toparynyň jemi 52 maslahaty geçirildi. Daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň 10-dan gowragy, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň hem 4 sammiti bolup geçdi. Olaryň dowamynda syýasy, hukuk, ykdysady, harby, ekologik we beýleki köp sanly örän çylşyrymly meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşmaly we çözmeli boldy.

Şeýlelikde, 2002-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Aşgabatda Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň I sammiti geçirildi. Munuň özi taryhy ähmiýetli ýokary derejedäki duşuşyk boldy. Onda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamagyň uzak ýolunyň başy başlandy.

2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň II sammiti bolup geçdi we oňa hormatly Prezidentimiz gatnaşyp, çykyş etdi. Bu sammitiň netijeleri boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň bilelikdäki Deklarasiýasy kabul edildi. Ol Hazarýaka ýurtlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi, deňizde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklarynyň aýry-aýry jähtleri boýunça esasy meseleler babatyndaky bar bolan ylalaşyklaryny syýasy derejede berkitdi. Şeýlelikde, bu möhüm meseleler boýunça Aşgabatda başy başlanan gepleşikler hil taýdan täze derejede we mazmunda dowam etdi.

2007-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara iş toparynyň döredilendigini bellemek gerek. Bu toparyň öňünde goýlan wezipeleriň biri-de, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamak bolup durýardy. Bu möhüm işe ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenleri ýakyndan gatnaşdylar, degişli iş toparlary döredildi. Olaryň işleriniň netijeleri Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygy astynda yzygiderli geçirilen gepleşiklerinde peýdalanyldy.

Belli bolşy ýaly, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammiti 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuw şäherinde geçirildi. Bu sammitde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletiniň adyndan öňe süren teklibi esasynda taýýarlanan Hazar deňzinde howpsuzlygy üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Ol çarçuwaly resminama bolmak bilen, Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňzinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin hukuk esasynyň binýadyny emele getirdi, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we görnüşlerini hukuk taýdan berkitdi.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitiniň dowamynda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri tarapyndan bilelikdäki Beýannama gol çekilmegi bilen Hazarda kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny amala aşyrmagyň ýörelgeleriniň giň sanawy hukuk taýdan berkidildi. Milli Liderimiziň şol duşuşykda eden çuňňur mazmunly taryhy çykyşlarynda öňe süren ajaýyp başlangyçlary we iňňän möhüm ähmiýetli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi hem-de goldaw tapdy. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren gymmatly teklipleriniň esasynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň — Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri möhüm ähmiýetli halkara Ylalaşyklaryň birnäçesini işläp taýýarladylar we tassykladylar. Şeýle möhüm resminamalaryň ikisine — «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky» Ylalaşyga hem-de «Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak hakyndaky» Ylalaşyga gol çekilmegi milli Liderimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň we örän jaýdar teklipleriniň iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň hem-de dünýä jemgyýetçiliginde uly ykrarnama mynasyp bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde gol çekilen möhüm resminama — «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky» Ylalaşyk bu täsin suw aýtymynyň iňňän özboluşly janly dünýäsini gorap saklamakda, rejeli peýdalanmakda we geljekki nesillere miras goýmakda örän uly ähmiýete eýe bolan hukuk resminamadyr. Hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde eden çuňňur mazmunly taryhy çykyşynda: «Biz biologik serişdeleriň aýawly saklanmagyna degişli meseleleriň ulgamlaýyn esasda, täze, anyk halkara-hukuk usullary arkaly çözülmegini, şol sanda balyklaryň has gymmatly görnüşleriniň tutulmagyna çäklendiriji çäreleriň girizilmegini ileri tutýarys» diýip belledi.

Milli Liderimiziň aýdyň kesgitleýşi ýaly, Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä Ekologiýa Gaznasy we beýleki halkara edaralarydyr guramalary bilen bilelikde, tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.

(Dowamy bar)

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri,

biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.

“Nesil” gazeti,

18.08.2018ý.

Meňzeş habarlar