Döwletiň at-owazasy, şan-şöhraty sportda gazanylýan üstünlikleri bilen hem ýokary göterilýär. Hut şu nukdaýnazardan öňdengörüjilikli syýasaty ýöredýän hormatly Prezidentimiz sporty ösdürmäge we türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmaga uly mümkinçilik döredýär. Biz muňa ösüşli we özgerişli her bir günümizde aýdyň göz ýetirýäris. Sebäbi 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türkmen halkynyň owazasyny dünýä ýaýdy. Türkmenistanda sport ulgamynyň näderejede ösýändigini bütin dünýä ýüzüne aýan etdi. Bu oýunlaryň guramaçylyk derejesine we oýunlaryň geçiriliş aýratynlygyna baha beren daşary ýurtlaryň resmi wekilleri onuň Olimpiýa oýunlary derejesindäki ýaryş bolandygyny aýratyn nygtadylar. Elbetde, bu joşgunly sözleri daşary ýurtly wekillerden eşitmek, hakykatdan hem Diýarymyzda amala aşyrylýan döwletli işleriň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny, şeýle adyl we dünýä ýüzüne nusgalyk beýik tutumlary amala aşyrýan ýurdumyzyň başynda milli Liderimiziň durandygyny aýdyň görkezýär.
Bir söz bilen aýdanda Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ülkesine öwrüldi. Geçen ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçiren Türkmenistan bu ýyl ýene-de iki sany uly halkara ýaryşyny ýokary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görýär. Olaryň biri «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi bolsa, beýlekisi Agyr atletika boýunça dünýä çempionatydyr. Bu iki halkara sport ýaryşy hem Türkmenistanyň gazanýan belent üstünliklerine dünýä döwletlerinden geljek ähli wekilleriň şaýat bolmagyna uly mümkinçilikdir.
Häzirki günlerde bu halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşjak milli ýygyndy toparymyz taýýarlyk işlerini batly depginde alyp barýarlar. Milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine hepdäniň bellenen günlerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda nazary okuw sapaklary, ýagny daşary ýurt dilleri we lukmançylyk sapaklary geçilýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde bolsa amaly sapaklary tejribe üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle-de türgenlerimiz ussat awtosport tälimçileriniň sapak bermeginde Garagum sährasynda-da okuw türgenleşiklerini yzygiderlikde geçýärler. Olaryň bu taýýarlyklary «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisinde üstünlikli çykyş etmeklerine özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Altyn güýzüň ilkinji günlerinde geçiriljek «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine onlarça döwletlerden tejribeli awtosport sürüjileri gelerler. Ýaryş awtoulaglaryň 3 görnüşi, ýagny ýeňil awtoulaglar, üsti ýapyk kwadrasikller we ýük awtoulaglarynyň arasynda geçiriler. Bu halkara awtoralli ýaryşy 5 tapgyrdan we 5 düşelgeden ybaratdyr. Düşelgeleriň hersi bir welaýatda bolup, düşelgelerde medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly çykyşlaryny guramak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak, türgenleri we bu halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşyjy beýleki resmi wekilleri milli we dünýä döwletleriniň birnäçesiniň tagamlary bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylar. Ýaryşyň her tapgyrynda türgenler 250 kilometre golaý menzili geçerler. Halkara awtoralli ýaryşynyň geçýän pursatlarynda dik uçarlaryň birnäçesi hereket eder. Dikuçarlar ýerli we daşary ýurtly metbugat wekillerine, ýaryşa belentlikden gözegçilik etjek eminlere, dürli kynçylyklar hem-de sürüjilerde şikes alma hadysalary ýüze çykan pursatlarynda olara ýakyndan ilkinji tiz kömekleri amala aşyrjak sport lukmanlaryna we beýleki guramaçylyk toparyna hyzmat eder. Halkara awtoralli ýaryşyny bökdençsiz we guramaçylykly geçirmek maksady bilen häzirki wagtda bu ýaryş döwründe hyzmat etjek meýletinçi ýardamçylaryň ýüzlerçesi dünýä dilleriniň 8-si boýunça ýagny, iňlis, nemes, fransuz, hytaý, ispan, italýan, pars, arap dilleri boýunça taýýarlanýar. Meýletinçi ýardamçylar halkara awtoralli ýaryşynyň geçýän günlerinde daşary ýurtlardan geljek resmi wekillere, türgenlere, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine we beýlekilere hyzmat ederler. «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde halkara tejribesi doly öwrenildi we ýaryşyň sport bölegi «Afrika Eco Race» kompaniýasynyň toparyna ynanyldy. Daşary ýurtlardan geljek ussat sürüjileriň sport awtoulaglaryny bolsa Hazar deňziniň üsti bilen getirmek göz öňünde tutulýar.
«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna 11-nji sentýabrda badalga berler. 9-njy we 10-njy sentýabrda esasy ýaryşa taýýarlyk işleri geçiriler. Ýagny, sürüjileriň, ýolbeletleriň, mehanikleriň geýimlerini we ulaglaryň içki gurluşyny kada laýyklykda barlamak, ralli ýaryşynyň düzgünine laýyklykda sürüjileriň we awtoulagy öndüren kompaniýanyň üstünlikleri netijesinde awtoulaglary yzygider tertipde belgilemek, awtosport ulaglary belgilenenden soň olaryň hersiniň aýrylykda ugrajak wagtlaryny kesgitlemek we beýleki guramaçylyk işleri geçiriler. Şeýle-de taýýarlyk günleriniň çäklerinde dabaraly ýöriş hem belent joşgunda geçiriler. Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltjek we halklary has-da biri-birine ýakyndan jebisleşdirjek «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi ýokary ruhubelentlige beslensin! Merdana türkmen türgenlerimize ýeňiş ýar bolsun!
Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Sport» teleýaýlymynyň alypbaryjysy.
“Nesil” gazeti,
21.08.2018ý.