ARKADAGLY ÝURDUMDA BAÝRAM — BU GÜN, TOÝ — BU GÜN

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzda toýlanýan şanly seneleriň, baýramlaryň dabarasyny uludan tutýar. Munuň şeýledigine şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän Gurban baýramy aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-ygtykatlaryny özünde jemleýär, parahatçylygy, dostlugy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherimizde hem bu ajaýyp baýram şagalaňly toýlanýar. Paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde toý gazanlary atarylyp, bu baýram uly şatlyga beslenip geçirilýär.

Gurban baýramynyň şanyna ýurdumyzyň oba-kentlerinde, şäherçedir şäherlerinde paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlanýar. Hiňňildikleriň daş-töweregi örän köp adamly bolup, ýaşlar aýratyn bir höwes bilen bat alyp uçýarlar, tüýs ýürekden şatlanýarlar. Ak sakgally gojalar, kümüş saçly mährem eneler, bagtyýar körpeler dabaranyň bezegine öwrülýär.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda toýlanýan mukaddes baýramçylygyň şanyna geçirilýän dabaralarda ýaşuly nesliň wekilleri, Gurban baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň ähmiýetini nygtaýarlar, şeýle bagtyýar döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Toý meýdançasyndaky esasy sahnalarda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary toý şatlygyny artdyrýar. Şirin mukamlarda, hoş owazly aýdym-sazlarda, halk döredijilik eserleri arkaly taýýarlanan çykyşlarda ata Watanymyzyň, täze taryhy döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleriniň, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän milli ýörelgelerimiziň we däplerimiziň, jebis we bagtyýar halkymyzyň buýsançly waspy eriş-argaç bolup geçýär.

Millilige ýugrulan tomaşalarda gadymy toý däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapýar. Gümezekläp duran ak öýlerde we bezemen sekilerde naz-nygmatly toý suprasy ýazylýar. Ussat aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlar saçagyň bezegini artdyrýar. Gelin-gyzlaryň bişiren pişme, çelpek ýaly tagamlaryndan toýa gelenlere hödür-kerem edilýär. Dürli el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, azyk önümleriniň sergisi baýrama gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Zenanlaryň üme dessuryny, körpeleriň milli çaga oýunlaryny synlamak, dutarçy bagşylaryň joşup aýdýan aýdymlaryny diňlemek keýpiçaglyk eçilýär.

Toý meýdançasynda sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlara uly orun berilýär. Türgenler küşt, düzzüm, ýaglyga towusmak, tanap çekmek, milli göreş ýaly görnüşler boýunça ukyp-başarnygyny görkezýärler. Şäheriň çägindäki çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary — ýaşajyk suratkeşler bolsa, dabaranyň şeýle ajaýyp görnüşlerini surat eserlerinde beýan edýärler.

Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda hem «Aşgabat» myhmanhanasynyň dabaralar jaýynda «Berkarar ýurdumda bu gün gurbanlyk» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde eziz Diýarymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlar belentden ýaňlanyp, toý saçaklary giňden ýazyldy. Dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny dileg etdiler. Ýaşlaryň müň bir höwes bilen gatnaşýan Gurban baýramy şatlyk-şagalaň bilen dowam edýär.

Bezirgen ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

23.08.2018ý.

Meňzeş habarlar