Görmek, synlamak, öwrenmek, dynç almak ýaly ugurlary özünde jemleýän syýahatçylyk ähli döwürlerde adamlary özüne çekip gelipdir. Çünki goja dünýä täsinliklere baý, ony synlamak bilen ynsan ruhy baýlaşýar, gözýetimi giňeýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda syýahatçylygyň ähmiýetini doly beýan edýär.
Terbiýeçilik syýahatçylygyň esasy ähmiýetiniň biridir. Döwlet Baştutanymyz kitabynyň girişinde bu barada şeýle ýazýar: «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpigören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyr. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş argyşçylara täsin wakalary gürrüň berip, dynç almaklaryna ýardam edipdirler. Esasan hem ýaş söwdagärler halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tutjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuňlaşdyrmagy gazanmagyň zerurlygyny öwrenipdirler».
Biziň ata-babalarymyz şahandaz, şol bir wagtyň özünde dünýä ylmyndan baş çykarýan adamlar bolupdyr. Syýahata, jahankeşdelige gidilende ýa-da söwda-satyk işi üçin uzak ýoly külterlemeli bolanda, ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykarýan adamlar öz garaýyşlaryny mälim edipdirler. Bu barada milli Liderimiz kitabynda şeýle diýýär: «...Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alypdyrlar, şeýdibem, köňüllerine ýagşylyk nuruny çaýypdyrlar».
Ertekilerdir rowaýatlar — türkmen halk döredijiliginiň esasy ugry. Ertekilerde halkyň isleg-arzuwy, ýeňşi, maksada okgunlylygy beýan edilse, rowaýatlarda hyýaly arzuwlaryň ulgamy, gahrymanyň arzuwynyň hasyl bolşy, ýeňişli menziller öz beýanyny tapypdyr.
Hormatly Prezidentimiz kitabynyň «Ertekiler dünýäsinde» atly bölüminde ertekilerdir rowaýatlaryň ähmiýetini açyp görkezýär. Olaryň käbiri gönüden-göni Beýik Ýüpek ýoly boýunça edilen syýahat bilen baglanyşykly. Olaryň biri kitapda gürrüňi edilýän «Kerwenbaşy» ertekisidir.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürde bu ertekini eneler gijeler çagalaryna, agtyklaryna aýdyp beripdirler.
Ertekiniň gysgaça mazmuny barada aýdanymyzda, onda gadym zamanda bir kerwenbaşynyň ýaşandygy, onuň uzak-uzak ýurtlara argyşa gidip söwda-satyk edendigi, ýyllar geçip onuň garrandygy gürrüň berilýär.
Bir gün garry kerwenbaşynyň ýanyna ýaş ýigitler gelip, oňa ýolbelet bolup, özleri bilen bile argyşa gitmegi haýyş edýärler. Çünki ol garry kerwenbaşy dünýäniň köp ýurtlaryny görensoň, nämäniň nirede arzan, nirede gymmat satylýandygyny bilýär eken.
Kerwenbaşy ýigitlere özüniň tapdan düşendigini aýdyp, olaryň ýanyna öz inisini goşup goýberýär hem-de onuň eline bir hat berýär. Hatynda olara kömek etmeklerini baran şäheriniň adamlaryndan sargyt edýär. Şol mahal hem kerwenbaşynyň ogly kerwen bilen gidýän kakasynyň inisinden özüne bir sowgatjyk almagy sargyt edýär.
Argyşa gidenler barmaly ýerine aman-sag baryp, gerek-ýarak zatlaryny alyp, yzlaryna gaýdýarlar. Ýolda gelýärkäler, garry kerwenbaşynyň inisiniň ýadyna sowgat almandygy düşýär we kerwene gidiberiň, yzyňyzdan ýeterin diýip yzyna gaýdýar. Bazara dolanybam, bir guşy satyn almakçy bolýar.
Guş satýan ony ýüz tylla bahalaýar hem-de ony satyn alsa, geljekde onuň ulalyp, nepiniň degjekdigini, gerek ýerinde maslahat berjekdigini aýdýar. Kerwenbaşynyň inisi diýlen puly töläp, guşy satyn alýar hem-de kerweniň yzyndan ýetýär.
Görse, onuň öňünden kerwenbaşynyň ogly çykýar. Ýigit ony görüp, öz öňünden çykandyr öýdüp begenýär. Ol bolsa görlüp oturylsa, atasyndan öýkeläp ýola çykan ekeni. Oglan oňa özüniň atasyndan göwnüniň galandygyny gürrüň berýär. Kerwenbaşynyň inisi bolsa oňa ogly-gyzyň atadan öýkelemeli däldigini aýdýar. Soňra ertekide alys ýurtlardaky başdan geçirmeler beýan edilýär. Ertekidäki gepleýän toty özüniň pähimli öwütleri bilen hemişe gahrymana kömek berýär.
Ýokardaky ertekiniň mazmunynda perzendiň ata-enesiniň diýenini etmelidigi hakyndaky düşünje beýan edilýär. Kitapda söhbet açylýan «Ýüz tylla» ertekisi-de terbiýeçilik ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby geljegimiz bolan ýaş nesilleriň aňynda milli ýol-ýörelgelerimize bolan çuňňur söýginiň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Kitapda beýan edilýän her bir wakany çuňňur öwrenip, nesilleriň aňyna guýmak her bir ene-atanyň mukaddes borjudyr.
Täjigül MYRADOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspiranty.
“Nesil” gazeti,
25.08.2018ý.