YHLAS BILEN BIR KÄMILE GOL BERSEŇ

(HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ HALYPA - ŞÄGIRTLIK ÝOLY HAKYNDAKY NESIHATLARY BARADA OÝLANMA)

Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak babatdaky meselelere ýüzlenende, hemişe milli mirasymyzyň hazynalaryny öwrenmegiň, milletiň kämil ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýörelgelerini dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtaýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen duşuşanda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Halypa-şägirtlik ýoluny tälim bermegiň, bilim öwretmegiň kämil usulydygyny nygtamak arkaly, hormatly Prezidentimiz: «Men muny halkymyzyň halypaçylyk mekdebine aýawly çemeleşmeginiň we ony häzirki döwürde täzeden dikeltmegiň zerurdygy üçin aýdýaryn» diýip, ony täze öwüşgin bilen milli özboluşlylygyň mekdebi hökmünde dikeltmäge badalga berdi.

Alym Arkadagymyz halypa-şägirtlik ýoluny «Ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip atlandyrýar we oňa «Uly mekdep» diýip baha berýär. Şeýle hem halypa-şägirtlik mekdebini dowam etdirmegiň nähili ähmiýetiniň bardygyny onuň saz sungatyndaky ornuna ünsi çekmek arkaly birin-birin düşündirýär: «Türkmen sungatynyň özi ýaly gadymy bolan halypaçylygyň milli mekdebiniň däp-dessurlary örän täsin durmuşa ukyplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Uzak geçmişde ussatlygy bilen diňleýjileri özüne bendi eden bagşy-sazandalar hünär taýdan kämilleşmekligiň uly mekdebini geçipdirler. Olar öz halypalaryndan dessanlary, aýdym-saz sungatynyň öçmez nusgalaryny, ýokary ahlak-estetiki gymmatlyklaryny we türkmen bagşylarynyň mizemez däp-dessurlaryny gorap saklamagyň we ösdürmegiň ýokary jogapkärçiligini üstlerine alypdyrlar. Halk bagşy-sazandalary özleriniň tebigy zehinleri bilen gadymy ata-babalarynyň ýokary saz-estetiki sungatyny ýüreklerden-ýürege geçirip, olaryň gymmatly mirasyny nesilme-nesil baýlaşdyrypdyrlar. Bu ýagdaý olaryň jemgyýetiň öňündäki hormatly wezipesini — gymmatly milli däp-dessurlaryň goragçysy bolmaklygy, saz ýerine ýetirijilik ussatlygynyň syrlaryny soňky nesillere maksadaokgunly geçirmekligi, ata-babalaryň baý ruhy-medeni mirasyny halka ýaýmaklygy kesgitledi».

Gahryman Arkadagymyzyň ýokarda salgylanan jümlelerindäki ünsi çeken ugrunyň birinjisi — halypa-şägirtlik ýolunyň durmuşa ukyplylygy we özboluşlylygy hakyndadyr. Halypa-şägirtlik ýolunyň durmuşa ukyplylygy nämeden ybarat? Durmuşa ukyplylygy türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerinde hem halypa-şägirtlik mekdebiniň ýol-ýörelgelerine jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, ynsanyň aň-düşünje kämilligini gazanmagyň serişdesi hökmünde çemeleşilip gelinmeginden ybaratdyr. Çünki ol milletiň asyrlara uzap gidýän taryhy geçmişini beýan edýän pelsepewi düşünjeleri özünde jemleýän çuňňur filosofiýa, ýiti pähim-paýhasa ýugrulan terbiýeçilik we bilim berijilik usullary jemlenen mekdep hökmünde ýaşamagyny dowam etdiripdir. Onuň özboluşlylygyny bolsa her bir halkyň ruhy-ahlak keşbine onuň taryhynyň we medeniýetiniň milli aýratynlyklary taýdan baha berilýändigi bilen baglanyşdyryp bolar. Taryhy-medeni miras her bir halkyň ruhy gymmatlygydyr. Çünki taryhy-medeni miras halkyň taryhy ykbalynyň milli aýratynlyklaryny kesgitleýän, ýagny döwlet gurluş tejribesinde, edebiýatynda, sungatynda, medeni ýadygärliklerinde, däp-dessurlarynda öz aýdyň beýanyny tapýan milli özboluşlylygydyr. Ähli döwürleriň öz medeni-ruhy özboluşlylygyny ýüze çykarmaga esas bolýan hem şol milli aýratynlyklardyr. Dünýäniň miras hazynasynda eýe bolan ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň tapawutly orna eýe bolan milli özboluşlylygy halkyň duýgy-düşünjesini, gylyk-häsiýetini, ynam-ygtykadyny beýan edýän däp-dessurlar, halk döredijilik eserleri arkaly ýüze çykýar. Şeýlelikde, kemala gelen halypa-şägirtlik ýoly, türkmen milletiniň geçen şöhratly ýoly hakyndaky maglumatlary, ol ýoly dowam etdirijileriň milli buýsanç duýgusyny, halkyň milli häsiýetlerine bolan söýgini özünde jemleýän özboluşlymilli ýörelgäniň kesgitlemesidir.

Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, halypanyň elinde tälim alan şägirt ýokary jogapkärçilige eýedir. Şägirdiň şol ýokary jogapkärçiligine girýän borjy bolsa iki sany esasy ugurdan — milli däp-dessurlary gorap saklamakdan we olary ösdürmekden ybaratdyr.

Milli däp-dessurlary ösdürmegiň nähili gymmatynyň bardygy hakyndaky bilesigelijilige Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy arkaly döwletimiziň milli aňyýet binýadynyň esasynda döwrebap jemgyýetçilik aňynyň kemala gelmeginiň aýrylmaz şerti hökmünde milli däp-dessurlarymyzyň täze öwüşgin we dabara bilen durmuşa ornaşdyrylmagy aýdyň mysaldyr. Häzirki wagtda halkymyzyň milli däp-dessurlary sungat derejesine çykyp, dünýäniň çar ýanyna ýaň salýar, döwletimiziň gülläp ösüşiniň keşbini janlandyryp, abadan durmuşymyzyň waspy bolup äleme dolýar.

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şägirdiň üç sany wezipesiniň kesgitlenilýändigihem äşgär bolýar. Olar: gymmatly milli däp-dessurlarymyzy goramakdan, nesillere geçirmekden we halka ýaýmakdan ybaratdyr.

Halypanyň elinde tälim alan şägirdiň milli mirasy gorap saklamagynyň näme ähmiýeti bar? Taryhy, medeni, edebi ýadygärlikleri goramak — ony döreden halkyň taryhy akyl ýetirişini ýüze çykarmakdan, öz asly, gelip çykyşy hakyndaky taryhy maglumatlary unutmazlykdan we milleti hakydasyzlykdan, taryhy, geçmişi bolmazlykdan halas etmekdir. Geçmişimize degişli baý medeni we taryhy maglumatlar şu günki nesliň özüniň beýik medeniýeti we taryhy bolan milletiň mirasdüşerleridigi hakyndaky hakykata göz ýetirmekde ruhy galkynyş we geljegine ynamyny artdyrýan güýç bolup hyzmat edýär.

Milli mirasa milletiň gazanan gymmatlygy hökmünde garamak, medeni we taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak jemgyýete taryhy aň-bilim bermegiň ilkinji şertidir. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasatynyň özeninde jemgyýeti ösdürmegiň birnäçe ýollary bar. 1. Nesliň bilim kämilligini gazanmak; 2.Gözelligiň waspy arkaly ynsanyň ukyp-başarnygyny terbiýelemek we döredijilik, işjeňlik başarnygyny gözükdirmek; 3. Ynsanyň öz aslyna akyl ýetirmeginiň ruhunda ýaşaýyşdaky ornuny tapmagyna itergi bermek ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýan meseleler bu ýoluň gözbaşydyr. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň taryhy hakydany özünde jemleýän baý ruhy-medeni mirasymyzy halka ýaýmak babatdaky pikirleri diýseň gymmatlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoly hakynda aýdan pikirlerini öwrendigiňçe, bu mekdebiň halkyň geçmişdäki ýaşaýyş-durmuş derejesini öwrenmekde, milli aňyýet kämilligini gazanmakda täze-täze gözlegleriň zerurdygy, ony has giňden öwrenilmeginiň möhümdigi barha has aýdyňlaşýar. Ýeri gelende bellesek, milli mirasa, ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynyň 4-nji babyny hem «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz halkyň täze, döwrebap halypa-şägirtlik atly ruhy mekdebini esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň esaslandyran bu mekdebinde taryhdan şu güne çenli halypa-şägirtlik ýolunyň dürli döwürlerdäki orny, halypaçylygyň we şägirtligiň aýratynlyklary, kämillige gol beren ynsanlara bolan çuňňur söýgi, ýokary ahlak sypatly ynsanlara, döredijilik adamlaryna bolan sarpa täze döwrüň dünýägaraýşy esasynda öwrenilýär. Alym Prezidentimiziň halypa-şägirtlik mekdebi esasynda ata-babalarymyzyň ýörelgeli ýoly ösüşiň we özgerişiň syrlary jemlenen hazyna hökmünde hormatlanylýar. Bu mekdebiň esasynda ýaş nesli durmuşda dogry ýola salmak babatdaky arzuw-islegler, her bir ynsanyň Watanyň, il-günüň öňündäki ynsanperwerlik borjunyň mukaddesligi hakyndaky nesihatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap düşünjeli kämil ynsanlary kemala getirýär. Şeýlelikde, milli ýörelgelere eýerýän hormatly Prezidentimiz üçin esasy maksat diňe bir alymy, sazandany däl, eýsem, öz beren ylym-bilimi bilen birlikde, öwreden adalatly garaýyşlary, gylyk-häsiýetleri esasynda jemgyýete peýdaly ynsany ýetişdirmekdir.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

28.08.2018ý.

Meňzeş habarlar