GALLAÇYLYGYŇ GADYMY HEM MÜDIMI MEKANY

Her ýyl tomus pasly paýawlap, çigreklije güýz günleri başlananda, güýzän güller, süýjän terneler, ak patraga öwrülen pagtaly meýdanlar ýadyňa düşýär. Şahyryň:

Ýerleriňi güýz sür diýip,

Güýz sürmeseň ýüz sür diýip,

Durna geçer ganat ýaýyp,

Güýz günleri...

diýen setirleri bolsa, edil ýap-ýaňyja ýanyňda aýdylan ýaly bolup, gulagyňda ýaňlanýar. Irki hasyldan boşan meýdanlary bireýýäm sürüp, suwlap, taraşlap güýz ekişine taýýarlan gallaçynyň bu wagt has-da keýpi çagdyr. Sebäbi ol bitginli bugdaý hasylynyň iň oňat sortlaryndan tohumlyk dänesini saýlap, geljek ýylyň bereket-bolçulygynyň gamyny iýip goýandyr. Onuň mele topraga sepjek zer däneleriniň her biri müň bolup yzyna dolanýandyr. Toý bolup, baýram bolup desterhanlarymyza dolýandyr. Şol sebäpli-de türkmen daýhany asly gadym ak bugdaýyny esasy ekinleriniň biri hasaplaýar. Dokçulygyň, bolçulygyň girewi bolan gallaçylygy aňrybaş derejede ösdürýär. Bu babatda döwletimiziň daýhanlara berýän goldawy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz hemaýaty işleri barha ilerledýär.

Milli Liderimiziň agrosenagat toplumyny ösdürmegiň gözbaşy edip goýýan oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ösüşleriniň özenidir. Sebäbi oba ýerlerinde pagtaçylaryň, gallaçylaryň, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň, baldan datly miweleri kemala getirýän tejribeli bagbanlaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde ene ýerden bol hasyl alynýar. Öndürilýän çig mallaryň üsti bilen zawod-fabriklerimiz herekete gelýär. Jana ýakymly ak pagtadan öndürilýän nah egin-eşikler, sport geýimleri, aşhanada ulanylýan dürli görnüşli desmallar, gündelik durmuşda peýdalanylýan ýassykdaşlar, ýorgandaşlar, örtgüler bolup raýatlarymyza gowuşýar. Döwlet tarapyndan we telekeçileriň tagallasy bilen gök we bakja önümlerinden, miwelerden gaplanýan şerbetler, üwmeçler, duzlanan önümler dükanlarymyzyň hem-de bazarlarymyzyň tekjelerini dolduryp dur. Halkymyzyň naýbaşy höregi hasaplaýan bugdaý unundan bişirilýän çörek we çörek önümleriniň ornuny bolsa başga hiç zat bilen çalşyryp bolmaýar. Bugdaýdan öndürilýän kökeleriň, süýjülikleriň dürli görnüşleri öý we toý baýramlaryň bezegi, rysgal-bereketliligiň gözbaşy saýylýar. Pespäl we dana halkymyz saçaklarymyzy dolduryp duran mele-myssyk çöregimizi agzybirligiň, rysgal-bitewüligiň hamyrmaýasy hasaplaýar. Halkymyzyň milli däp-dessurlaryna hormat-sarpa goýýan milli Liderimiz ak ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns bermegi nygtaýar. Tarp ýerleri özleşdirmäge, irki hasyllardan boşan ýerleri wagtynda sürüp, bejerip güýz ekişine taýýarlyk görmäge, ýerleriň meliorasiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga nazarlary gönükdirmek bilen bu ulgama jogapkär adamlara degişli tabşyryklary berip durýar. Ekin meýdanlarynda bökdençsiz işlär ýaly traktorlaryň, kombaýnlaryň, ekijileriň, sürüm we kultiwasiýa işlerini geçirijileriň, dürli kysymly tirkegleriň ýüzlerçesini daşary ýurtlardan satyn alyp berýär. Alyn derini päk zähmete siňdirýän gallaçynyň ýygnan hasylynyň döwlet tarapyndan mynasyp bahadan satyn alynmagy, hasaplaşygyň göwnejaý geçirilmegi işleri şowladýar. Bugdaýly meýdanlara tehniki hyzmatyň, dökünleriň, ekiljek tohumyň ýeňillikli şertlerde berilmegi oba adamlarynyň, aýratyn-da ýaşlaryň ene toprak bilen bagrynyň badaşmagyna ýol açýar. Gallaçylyk barada milli Liderimiz şeýle diýýär: «Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl onuň bolelin ýaşamagynyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr».

Ata-babalarymyzyň: «Yhlasa — myrat» diýişleri ýaly, gallaçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri, bugdaýdan ýylyň-ýylyna alynýan bol hasyl azyk garaşsyzlygymyzyň gazanylmagyna ýardam edýär. Bu ulgamda ýetilen sepgitler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem ykrar edildi. Ýurdumyz azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanýan üstünlikleri üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite sylagyna mynasyp hem boldy.

Hawa, eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda ene topragy zer ýapraklary bilen serpaýlaýan güýz pasly bilen adybir güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy göwünleri galkyndyrýar. «Alty aý daýhan guwanjyna» öwrüljek ak bugdaýyň dok däneleri boz toprakda şineläp, hä diýmäge dürterişip çykar. Daş-töwerege ýaz öwüşginini berip, gök maýsa bolup tolkunlar. Şeýdibem ynsanyň iň ýagşy umyt-arzuwlaryny özüne siňdirip, ýurt parahatçylygynyň, il abadançylygynyň kepili kimin, didelere ýazylganlyk paýlar. Işiňiz ileri, zähmetsöýer gallaçylar!

Ogulbeg JUMAÝEWA

“Nesil” gazeti,

30.08.2018ý.

Meňzeş habarlar